Türkmenistanyň barlag-goýberiş nokatlary Eýrandan ewakuasiýa üçin gije-gündiziň dowamynda işleýärler
21.06.2025 | 01:45 |Häzirki wagtda Eýran bilen Ysraýylyň arasynda dartgynlylygyň güýjemegi bilen bagly Eýrandan çykýan raýatlarynyň geçmegi üçin ýardam bermek haýyşy bilen 50-ä golaý döwletler Türkmenistana ýüz tutdylar.
Türkmenistanyň barlag-goýberiş nokatlary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Russiýanyň, Koreýanyň, BAE-niň, Saud Arabystanynyň, Omanyň, Bahreýniň, Kataryň, Kuweýtiň, Germaniýanyň, Şweýsariýanyň, Daniýanyň, Beýik Britaniýanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary bolan 2000-den gowrak adamy kabul etdi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
“Türkmen döwleti ýurduň gury ýer geçelgelerini, şeýle hem Aşgabadyň Halkara howa menzilini ulanmak bilen, daşary ýurt raýatlarynyň bökdençsiz geçmegi we olaryň öz Watanlaryna dolanmagy üçin zerur çäreleri görýär” – diýip, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň habarynda aýdylýar.
ORIENT