Katar Erkin ykdysady zolagynda duşuşyk geçirildi
21.06.2025 | 15:10 |2025-nji ýylyň 19-njy iýunynda Katar Erkin ykdysady zolagynyň başlygy (QFZ) Şeýh Muhammed bin Faýsal Al Tani bilen Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M.Seýitmamedowyň duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy, 2025-nji ýylyň ýurdumyzda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň ähmiýetini belläp, mahriban diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralýan halkara çäreler barada belläp geçdi.
Katar Erkin ykdysady zolagynyň başlygy (QFZ) Şeýh Muhammed bin Faýsal Al Tani duşuşygyň dowamynda, Hamad halkara howa menziliniň ýakynynda ýerleşen “Ras Bufontas Free Zone” bu ýokary tehnologiýaly sanlaşdyrylan ugurlar arkaly iş dolanşygy ýola goýulan ýöriteleşdirilen zolak bolup, Kataryň “QFZ” häzirki zaman halkara ykdysady platformalarynyň talaplaryna doly laýyk gelýän, işewürlik üçin amatly şertleri üpjün edýän hem-de innowasiýa esasly ösüşi höweslendirýän möhüm merkezleriň biri bolup durýandygyny belledi.
Şeýle hem, taraplar geçirilen duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda ykdysady we maýa goýum ulgamynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi hem-de degişli edaralaryň arasynda tejribe alyşmak babatyndaky degişli meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdy.