Kiýew studiýasy AR aýnalary üçin dünýäniñ ilkinji SaaS-platformasyny işe girizýär
02.07.2025 | 15:25 |Kiýewde ýerleşýän ffface.me studiýasy loook.ai atly täze ulgamyny işe girizdi. Bu ulgam islendik sanly displeýi goşmaça hakykat (AR) aýnasyna öwürýär. Tehnologiýa awtonom ýagdaýda adamy tanap bilýär, ekrany wirtual elementler bilen janlandyrýar we baş hereketlerine täsir edýär — bu bolsa sensora degmezden interaktiw tejribäni döredip bilýär.
loook.ai giň uýgunlaşma mümkinçiliklerine eýedir: ähli displeýler bilen işleýär we taýýarlanan ýerde diňe bir günüň içinde çalt gurnap bolýar. Bu ulgam eýýäm dürli ugurlarda üstünlikli ulanylýar: moda we kosmetika industriýasy (Prada, Mugler, Maybelline), elektronika, şourumlar, howa menzilleri we iri çäreler. Ulgamyň durnukly işlemegi we analitikasy üçin esasy şert — yzygiderli internet birikmesi.
loook.ai ulgamynyň esaaynda şahsy maglumatlary, foto we wideo materiallary saklamaýan, diňe serediş ugruny we täsirleşme wagtyny yzarlap bilýän emeli aň tehnologiýasy ýatyr. Bu bolsa doly gizlinligi üpjün edýär. Güýçli kameralar we serwerler adamyň 3D-modellerini hakyky wagtda döredýär, bu modellere bolsa AR-täsirler tebigy ýagdaýda we bökdençsiz ornaşdyrylýar.
Bu ulgam brendlere “banner körlügini” ýeňip geçmäge kömek edip, ekrany passiw sudurdan dinamkki giňişlik bölegine öwürmdk bilen, mahsbaty özüne çekiji we interaktiw edýär.
ORIENT