Iň täze habarlar

Sewilýa: Türkmenistan Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlary ählumumy raýdaşlyga we ösüşe çagyrdy

02.07.2025 | 19:20 |
 Sewilýa: Türkmenistan Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlary ählumumy raýdaşlyga we ösüşe çagyrdy

Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça dördünji halkara maslahatynyň (FFD4) çäginde Sewilýada Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň (LLDCs) ministrleriniň möhüm iş maslahaty geçirildi. “Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň täze ösüşiniň onýyllygyny maliýeleşdirmek” atly şygar bilen geçileren bu çäre 20-den gowrak ýurduň ýokary derejeli wekillerini, şeýle hem halkara guramalarynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi. Çekişmäniň üns merkezinde – durnukly ösüş üçin maliýe çeşmelerini toplamagyň ýollary we halkara maliýe gurluşyny özgertmek boldy. Duşuşykda esasy çykyş edenleriň we gatnaşyjylaryň arasynda – Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow bar. Onuň çykyşy Aşgabadyň ählumumy hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça ýörelgeleriniň wezipelerini nygtady.

Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary: Maliýeleşdirmekden ütsaşyr mümkinçiliklerine çenli

Ministr Astanagulow öz çykyşynda ösüşi maliýeleşdirmek boýunça dördünji halkara maslahatynyň Jemleýji resminamasynda görkezilen ösüşi maliýeleşdirmek üçin täzelenen ählumymy çemeleşmäniň möhümdigini belledi. Onuň sözlerine görä, bu çemeleşme, esasanam ösüp barýan ýurtlarda maliýeleşdirmegiň ýetmezçiligini aradan aýyrmaga we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam edip, goşmaça hem-de innowasiýa maliýe çeşmelerine elýeterliligi üpjün eder. Türkmenistan Jemleýji resminamanyň tekliplerine şol sanda degişli ösüş maksatnamalarynyň we strategiýalarynyň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine hem-de Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin 2024-2034-nji ýyllarda Heretleriň onýyllygy Awaza maksatnamasyna ygrarlydygyny mälim etdi.

PHOTO-2025-07-02-14-18-06.jpg

Ministr LLDC-niň ykdysadyýetiniň gurluş taýdan özgerdilmeginiň, halkara söwdasyndan peýdalanmak we netijeli ulag hem-de üstaşyr ulgamlaryny ösdürmegiň zerurdygyny aýtdy. Onuň pikiriçe, maliýeleşdirmek meselesinde esasy ileri tutulýan ugurlar: gurluş özgertmeleri, ylym, tehnologiýa we innowasiýa, şeýle hem durnukly ulag ulgamlaryny ösdürmek we logistika baglanyşyk. Astanagulowyň pikiriçe, söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek sebit we dünýä derejesinde integrasiýany giňelder. Şeýle hem, uýgunlaşma mümkinçiligini güýçlendirmegiň we howanyň üýtgemegine hem-de tebigy betbagtçylyklara gowşak goraglylygy azaltmagyň möhümdigini aýtdy.

Awaza – ählumumy dialog üçin meýdança

Ministr Mämmetguly Astanagulow şu ýylyň 4-8-nji awgustynda Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) ünsi çekdi. Türkmenistan bu möhüm çäräni üstünlikli geçirmek üçin konstruktiw dialoga we hyzmatdaşlyga doly taýýardygyny tassyklady. LLDC 3 durnukly ösüşi maliýeleşdirmek, hyzmatdaşlygy berkitmek we LLDC-niň meselelerini çözmek üçin täsirli strategiýalary işläp düzmek üçin esasy meýdança bolar diýlip garaşylýar.

PHOTO-2025-07-02-14-23-49.jpg

Parahatçylygyň hatyrasyna ählumumy raýdaşlyk

Çykyşynyň ahyrynda ministr häzirki zaman ählumumy çagyryşlary köptaraplaýynlyga, halkara hyzmatdaşlygyna we parahatçylyga hem-de ylalaşyga esaslanýan ählumumy raýdaşlyga berk ygrarlylygy talap edýändigini nygtady. Ol BMG-niň Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edendigini belläp geçdi. Şu ýylyň çäginde, 12-nji dekabrda, Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumy geçiriler. Bu çäre, parahatçylyk medeniýetini berkitmek we ählumumy jebisleşmek üçin mundan beýläkki ädimleri ösdürmek üçin dünýäniň dürli künjeklerinden gatnaşyjylary bir ýere jemlär.

Türkmenistan LLDC-niň ministrler maslahatyna gatnaşyjylaryň ählisini öňümizdäki möhüm çärelere işjeň gatnaşmaga çagyrdy we ösüşi maliýeleşdirmek boýunça ählumumy dialoglaryň ähli möhüm meselelerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga iň işjeň, konstruktiw we giňişleýin gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.

PHOTO-2025-07-02-14-20-04.jpg

ORIENT

Foto: Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministrligi

Şeýle hem okaň: