Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi: harby we hukuk goraýjy edaralaryň hasabatlary hem-de Baş prokurorynyň orunbasarynyň çalşylmagy

02.07.2025 | 22:05 |
 Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi: harby we hukuk goraýjy edaralaryň hasabatlary hem-de Baş prokurorynyň orunbasarynyň çalşylmagy

2-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2025-nji ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy şeýle hem mejlisiň gün tertibine howpsuzlygy, üpjün etmek, maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Mejlisiniň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenildi. Goranmak ministri Begenç Gündogdyýew Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirilişi, harby gulluga çagyrmak çäresiniň netijeleri, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Prezident Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasy esasynda Ýaragly Güýçlerini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi we Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe häzirden başlap gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny nygtady.

Baş prokuror Begmyrat Muhamedow kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmak, hukuk bozulmalaryna getirýän sebäpleri öz wagtynda aradan aýyrmak, sanly ulgamy ornaşdyrmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler hakynda hasabat berdi.

Içeri işler ministri Muhammet Hydyrow jemgyýetçilik tertibini saklamak, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça görlen çäreler we ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmek boýunça düşündiriş işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Prezident tomus möwsüminde ýangyn howpsuzlygy boýunça gözegçigi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Ýokary kazyýetiň başlygy Begenç Hojamgulyýew sanly ulgamyň mümkinçiliklerini işjeň ulanmak arkaly kazyýet işini kämilleşdirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem Milli howpsuzlyk ministri Nazar Atagaraýewiň, Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ýazgeldi Nuryýewiň, Adalat ministri Merettagan Taganowyň, Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýkulyýewiň, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Amanmuhammet Sazakowyň hasabatlary diňlendi. Ähli hasabatlar maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrmak, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we gulluklaryň işini kämilleşdirmek bilen bagly alnyp barylýan işleriň netijeleri barada boldy.

Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow wezipesinä bellemek we wezipesinden boşatmak hakynda degişli resminama gol çekdi: ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Muhammetmyrat Gurbanmyradowiç Sapargulyýew Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary, Baş müdirliginiň müdiri wezipesine bellenilip, ol Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy. Ýustisiýanyň geňeşçisi Begenç Gurbangulyýew Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary, Baş müdirliginiň müdiri wezipesinden boşadyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurduň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça işleriň geljekde-de dowam etdiriljekdigini nygtady.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: