Wakalar

Aşgabatda Sloweniýanyň ilçisinden ynanç hatlary kabul edildi
16.06.2025
|20:06
|188
16-njy iýunda, Aşgabatda Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Alenka Suhadolnik özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

Türkmenistan Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlaryna ynsanperwerlik kömegini berýär
16.06.2025
|01:05
|318
Ýakyn Gündogarda emele gelen ýagdaý bilen baglylykda häzirki wagtda Eýranyň çäginde bolan daşary ýurtly diplomatlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň, şeýle hem beýleki raýatlaryň çykmagy üçin Türkmenistan tarapyndan öz çäginiň berilmegi boýunça tizden-tiz çäreler görülýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisine syn: esasy temalar we kararlar
14.06.2025
|05:25
|214
13-nji iýun, anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda içerki we daşary syýasatyň möhüm meselelerine garaldy şeýle hem ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň dürli pudaklary ösdürmek barada möhüm kararlar kabul edildi

Türkmenistanyň DIM-i Ýakyn Gündogarda dartgynlylygyň güýjemegi bilen bagly aladasyny beýan edýär
13.06.2025
|22:00
|251
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ysraýylyň 2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda Eýranyň ilatly ýerlerine we desgalaryna alama aşyran raketa urgulary bilen baglanyşykly resmi beýanat bilen çykyş etdi

Geljek barada dialog: Bişkek Koreýanyň we Merkezi Aziýanyň analitik merkezleriniň II forumyny kabul edýär
13.06.2025
|12:16
|303
Şu gün Bişkekde Koreýa Respublikasynyň we Merkezi Aziýanyň analitik merkezleriniň ikinji Forumy öz işine başlady. Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiň ýanyndaky Milli strategiki başlangyşlar instituty we Koreýa gaznasy (Koreýa-Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygy forumynyň sekretariaty) tarapyndan gurnalan bu ähmiýetli çäre alty ýurtdan strategiki barlaglar merkezleriniň wekillerini bir ýere jemledi: Koreýa Respublikasy, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan

Fransiýanyñ senatory Türkmenistana sapar bilen geler
13.06.2025
|09:30
|238
Daşary ýurtlarda ýaşaýan fransuz raýatlarynyñ isleglerine wekilçilik edýän Fransiýanyñ senatory Samanta Kazebon 2025-nji ýylyñ 23-24-nji iýunynda Türkmenistana resmi sspar bilen geler.

Türkmenistanyň Prezidenti Ahmedabad şäherindäki heläkçilik sebäpli Hindistana gynanç bildirdi
13.06.2025
|06:15
|198
Türkmenistanyñ Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Ahmedabad şäherinde ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň we RF-iň DIM-niň ýolbaşçylary PHYF-2025-däki gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar
12.06.2025
|23:57
|141
Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrleri Raşid Meredow we Sergeý Lawrow geljek hepde Sankt-Peterburgda geçiriljek PHYF-iň çäginde geljekki gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, 12-nji iýunda, penşenbe güni geçirilen telefon arkaly söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň temalarynyň üstünde durlup geçildi

“Merkezi Aziýa — Hytaý” II sammiti 17-nji iýunda Astanada geçiriler
12.06.2025
|22:40
|213
17-nji iýunda Gazagystanyň paýtagty Astanada “Merkezi Aziýa – Hytaý” II sammiti geçiriler. Bu barada Gazagystanyň KHBS Akorda salgylanyp habar berýär. Oňa alty ýurduň döwlet Baştutanlary gatnaşar: Hytaý, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan

Täze hasyl – bereketiň alamaty: Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň ekin meýdanlaryna baryp gördi
12.06.2025
|01:10
|222
Türkmenistanyň bugdaý meýdanlarynda galla oragyna badalga berildi we 11-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow galla oragynyň depgini bilen tanyşmak üçin Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginiň bugdaý ekilen meýdanlaryna baryp gördi. Bu sapar döwlet Baştutanynyň oba hojalyk toplumyny ösdürmäge we türkmen daýhanlarynyň abadançylygyna hemişe üns berýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi