Türkmenistanyň raýatlaryna Hytaýa gitmek üçin resminamalary tabşyrmak işi has-da ýeňilleşdiriler
18.08.2025 | 11:53 |Hytaýa barýan Türkmenistanyň raýatlarynyň sanynyň artýanlygy bilen baglylykda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy konsullyk bölüminiň kabul ediş günleriniň sanynyň wagtlaýyn köpeldilýändigi barada habar etdi.
2025-nji ýylyň 18-nji awgustyndan 30-njy sentýabryna çenli arzalaryň kabul edişligi hepdede dört günüň dowamynda - duşenbe, sişenbe, penşenbe we anna günleri amala aşyrylar.
-
Arzalaryň kabul edilýän wagty: 9:30-dan 11:30-a çenli.
-
Resminamalaryň berilýän wagty: 15:30-dan 17:00-a çenli.
-
Şeýlelikde, raýatlara bellenen möhletde resminamalary tabşyrmak we konsullyk hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin has köp mümkinçilik döredilýär.