Medeniýet

Aýdymçy Ýelena Oreşkina «Güýz bal» ýubileý agşamyna çagyrýar
15.09.2023
|18:10
|1039
Meşhur estrada aýdymçysy Ýelena Oreşkinanyň şu ýyl goşa ýubileýi. Ol ony 14-nji oktýabrda paýtagtyň «Türkmenistan» kinokonsert zalynda ýekelikde konsert bilen bellemegi meýilleşdirdi. «Güýz walsy» maksatnamasy tomaşaçylara ýerine ýetirijiniň awtorlyk aýdymlaryny, rus we sowet kompozitorlarynyň garramaýan we söýgüli hitlerini, şeýle hem romaslary sowgat eder.

Türkmen sazandalary Bişkekde çykyş edýär
13.09.2023
|19:21
|1095
Bişkek şäherinde geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletleriň Döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň 16-njy forumynyň açylyşy mynasybetli gala-konserti geçirildi. Onda Arkalaşyga agza ýurtlaryň ýaşlar simfoniki orkestriniň düzüminde Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzdan 7 sazanda hem çykyş edýär.

Iň ökde ýaş dutarçylar we bagşylar Aşgabatda Prezident baýraklaryna eýe boldular
12.09.2023
|23:58
|1372
Sişenbe güni tamamlanan “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň ýeňijileri bolan iň oňat ýaş bagşy sazandalar Aşgabatda sylaglandylar. Jemleýji tapgyrda 12 adam Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan altyn zynjyr bilen sylaglandy.

Rus multfilm gahrymanlary şekillendirilen öwrediji oýun döredildi
12.09.2023
|19:51
|2339
"Soýuzmultfilm" kinostudiýasy "KB Prodakşn" işläp taýýarlaýjy kompaniýasy bilen "Prostokwaşino: supermarket" atly öwrediji oýny döretdiler. Onda adybir multfilmiň gahrymanlary Fýodor Daýy, Matroskin, Şarik we beýlekiler çagalara matematikany we hasaplamany öwredýär.

Türkmenistanly artistler Duşenbede Merkezi Aziýanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertinde çykyş ederler
12.09.2023
|18:30
|1456
Duşanbe şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlaryndan medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti bolar. Türkmen artistleri - estrada aýdymçylary, sazandalar, tans toparlary, şeýle hem ýaşlar döredijilik toparlarynyň aktýorlary 14-15-nji sentýabrda Täjigistanda Merkezi Aziýa we Döwlet Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygynyň çäginde geçiriljek baýramçylyk maksatnamasyna we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (IFAS) esaslandyryjy ýurtlaryň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşarlar.

«Türkmenfilm» Duşanbe şäherinde geçirilen «Toji Somon» film festiwalynyň bäsleşik maksatnamasyna «Gyzyl kürte» filmi bilen gatnaşýar
12.09.2023
|18:10
|1526
«Toji Somon» halkara film festiwaly 15-nji oktýabrdan 19-njy oktýabr aralygynda Duşanbe şäherinde geçiriler we Täjik kino gününe bagyşlanar. Kinoforumyň topary bäsleşik maksatnamasyna gatnaşmak üçin Ýewropadan, Aziýadan we GDA ýurtlaryndan filmleri saýlady. Gözden geçirilen we maslahat berilýän filmleriň arasynda Eýrandan, Belarusdan, Wengriýadan, Özbegistandan, Pakistandan, Türkmenistandan, Gazagystandan, Russiýadan, Ermenistandan, Hindistandan we Hytaýdan 25-den gowrak film bar.

Milli eksponatly türkmeniň «ak öýi» Rumyniýadaky folklor festiwalynyň bezegi boldy
11.09.2023
|19:28
|1384
Milli eksponatly «ak öýi» görnüşindäki türkmen pawilýony, Rumyniýanyň Konstansa şäherinde şu günler geçirilýän halkara türk- tatar folklor festiwalynda gelim-gidimli ýerleriň biri boldy.

“Türkmenistan” eseri Ýaponiýada gyzyklanma döretdi
11.09.2023
|12:28
|1152
Ýapon suratkeşi Miçio Kominäniň çeken “Türkmenistan” atly eseri Tokio şäherinde geçirilen 55-nji Halkara “Sin-Inten” sergisine gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy habar berýär.

Türkmenistan Hytaýda geçen “Ýüpek ýoly” halkara medeni sergisiniň üns merkezinde
09.09.2023
|15:44
|1227
Hytaýda altynjy “Ýüpek ýoly” halkara medeni sergi-ýarmarkasy geçirildi. Gansu welaýatynyň Dunhuan şäher okrugynda syýasatçylardan, halkara guramalaryň ýolbaşçylaryndan, medeniýet ulgamyndaky bilermenlerden, taryhçylardan we alymlardan ybarat 1200 hytaýly we daşary ýurtly myhmanlar ýygnandylar.

Şuşa şäherinde türki dünýäsiniň nakgaşlarynyň sergisinde türkmen suratkeşleriniň işleri sergilener
09.09.2023
|15:17
|1100
Türkmenistanly iki suratkeşiň işleri, Şuşa şäherindäki türki dünýäsiniň nakgaşlarynyň eserleriniň sergisine çykarylar. Sergi 10-21-nji sentýabr aralygynda Azerbaýjanda halkara türki dünýäsiniň nakgaşlarynyň döredijilik duşuşygynyň çeginde geçiriler. Forumyň guramaçysy hökmünde TÜRKSOÝ çykyş edýär diýip, azerbaýjanyň metbugaty habar berýär.