Medeniýet

Yslamabatda Magtymguly şahyryň döredijiligine bagyşlanan edebi agşam geçirildi
09.09.2023
|13:58
|3475
Yslamabatda, beýik türkmen akyldary we Gündogaryň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri-döredijiligine we dünýä inmeginiň 300 ýyllygyna bagyşlanan edebi agşam geçirildi. Medeni çäre Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň başlangyjy bilen boldy.

Türkmenistanda Prezidentiniň baýragy üçin ýaşlaryň döredijilik bäsleşigi yglan edildi
08.09.2023
|23:00
|1283
Türkmenistanda beýik filosofyň we milli poeziýanyň klassiginiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly Pyragynyň paýhas ummany» atly ýaşlaryň arasynda döredijilik bäsleşigi yglan edildi. Ýaşlar bäsleşigi, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn Asyry» baýragyny almak üçin däp bolan milli bäsleşigiň çäginde geçiriler.

“X - faktor” dünýä şüweleňi ilkinji gezek Özbegistanda başlaýar
07.09.2023
|23:58
|2009
Meşhur wokal talant-şüweleňi “X-faktor” ilkinji gezek Özbegistanda başlaýar. Özbek metbugatynyň berýän habaryna görä, telewideniýede birinji bölüm FTV kanalynda 24-nji sentýabrda görkeziler.

ÝUNESKO-nyň ählumumy sessiýasyny Parižde däl-de, Özbegistanda geçirmek teklip edildi
07.09.2023
|18:24
|949
Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň kömekçisi Saida Mirziýoýewanyň Telegram kanalynda mälim etmegine görä bu sergi ýewropa jemgyýetçilignde uly gyzyklanma döredýär we Özbegistan barada köp zatlary bilmäge şert döredýär. Özbegistan Samarkant şäherinde 2025-nji ýylda ÝUNESKO-nyň ählumumy 43-nji sessiýasyny kabul etmäge taýýar. Eger-de, bu teklip makullansa, sessiýany 40 ýyllap yzygiderli Pariž şäherinde geçirmek däbini üýtgeder we taryhy waka bolar.

Türkmenistan we ÝUNESKO bilelikdäki çäreleriň meýilnamalaryny beýan etdiler
06.09.2023
|22:54
|1656
Sişenbe güni Parižde Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky gatnaşyklar we onuň geljegi Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-nyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Baş direktorynyň orunbasary Szin Sýuýyň duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

7 sany zehinli çaga "Garaşsyzlygyň merjen däneleri" bäsleşiginiň ýeňijileri boldular
06.09.2023
|20:35
|1895
Çykyş edenleriň içinden iň zehinlisini saýlamak eminlere aňsat düşmedi. Gelnen netijelere laýyklykda, 7 sany zehinli çaga bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edildi we olara diplomlar hem-de döwlet Baştutanymyzyň adyndan noutbuk-kompýuterleri gowşuryldy.

Türkiýedäki festiwalda Türkmenistanyň güni bellendi
06.09.2023
|20:32
|974
Festiwalyň 5-nji gününde - Türkmenistanyň gününde geçirilen medeni çäreler göni ýaýlymda "Etimesğut" teleýaýlymynda hem görkezildi.

Itler Motsartyň “Aw simfoniýasynda” kamera orkestri bilen öz rollaryny ýerine ýetirdiler
06.09.2023
|19:27
|809
Üç sany oýunçy it Kopengagendäki Gaýdn festiwalynda Daniýanyň kamera orkestri bilen bilelikde Motsartda ulularyň “Aw simfoniýasynda” ýekelikde çykyş etdiler. Sazyň sazandalary tarapyndan düzülen üýtgeşik bir täsinlik, belli däp-dessurlar bilen nusgawy saz dünýäsine “täzeçe” täsir etdi we festiwal tomaşaçylaryny begendirdi, diýip, “Euronews” habar berýär.

Magtymguly baradaky film Türkiýäniň 3 şäherinde düşüriler
06.09.2023
|18:30
|1389
"Oguzhan" adyndaky "Türkmenfilm" birleşiginiň döredijilik topary 17 - 24-nji sentýabr aralygynda Türkiýede iş saparynda bolarlar. Olar Türkiýäniň 3 şäherinde - Ankara, Stambul we Konýa şäherlerinde bolup, Magtymguly Pyragy barada düşürilýän dokumental filme film materiallaryny toplarlar. Döredijilik toparyna režissýor Hekim Alowow ýolbaşçylyk edýär.

Türkmen ilçisi Sinandali festiwalynyň guramaçylary we oňa gatnaşýan türkmenistanly sazandalar bilen duşuşdy
06.09.2023
|18:08
|1638
Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýtmämmedow 31-nji awgustdan 10-njy sentýabr aralygynda geçiriljek 5-nji Sinandali klassiki aýdym-saz festiwalynyň guramaçylary we oňa gatnaşyjy türkmen sazandalary bilen bilen duşuşdy.