Hünärmen «howsalada gerek ýantorbanyň» nämedigini we onda nämeleriň bolmalydygyny gürrüň berdi
29.10.2022 | 14:15 |«Howsalada gerek ýantorba» adalgasy adamyň aňynda elmydama ýakymsyz duýgy döredýär: bu söz düzümi agzalanda hemişe diýen ýaly betbagtçylyk ýa-da heläkçilik göz öňüne gelýär. Şeýle «toplum» geljekden heder etmegiň nyşanyna öwrüldi. «Howsalada gerek ýantorba» düşünjesiniň özi ykdysady çökgünliklerden ýa-da köpçülikleýin göçüp-gonmalardan has öň ýüze çykypdy.
Tükeniksiz betbagtçylyklar sebäpli uzak döwürleriň garyp düşen we ezilen ilaty şeýle düşünjeleriň we hatda ynanç-yrymlaryň hem örän köp sanlysyny miras galdyrypdyr. Olaryň arasynda saçagyň hiç wagt boş bolmaly däldigi we iýilýän nahara hormat goýmak, ony soňuna çenli iýip, hiç zat galdyrmazlyk türkmeniň däbidir. «Howsalada gerek ýantorbanyň» manysy betbagtçylykdan halas bolmaga umyt bermek üçin däl-de, geljegi biraz aňsatlaşdyrmaga ynam döretmekdir.
Ýokary tehnologiýanyň ösen döwründe, halas ediş gulluklaryň we tiz hereket ediş güýçleriniň gaýragoýulmasyz kömegi berip bilýän mahaly hem, «howsalada gerek ýantorbanyň» keşbi häzirki zaman adamysynyň aňyndan aýrylanok. Tapgyrlaýynlyk, dünýädäki ýagdaýyň durnuksyzlygy bilen häsiýetlendirilýän ykdysady ösüş, «bu hemişe beýle bolup durmaz» diýen pikiriň döremegine sebäp bolýar. Bu pikir adamlaryň aňyna pugta ornaşdy, ol bolsa şowsuzlyk we garaşylmadyk ýagdaýlar ýüze çykaýan halatynda «howpsuzlyk ýassygyny» emele getirýär.
Hakyky «howsalada gerek ýantorba» barada aýdylanda bolsa, onuň näme bolmalydygy barada bu ugurdan oňat baş çykarýan hünärmenden bildik. Ine, Aşgabat halkara howa menziliniň gaýragoýulmasyz kömek we halas ediş gullugynyň başlygy Myrat Hemraýewiň ýörite ORIENT üçin gürrüň beren zatlary:
«Adamyň janyna howp abanýan ýagdaý ýüze çykanda, iň esasy zat howsala düşmezlikdir. Häzirki wagtda iň az töwekgelçilikler bilen özüňizi alyp barşyňyz we howpsuzlygyňyz barada anyk görkezmeleriň bardygyny ýatdan çykarmaly däl. Heläkçilik ýüze çykan mahalyndaky esasy ýörelge, eger adam güýjüni biderek sarp etmedik ýagdaýynda, uzak wagtlap suwsuzlyga we açlyga çydap biljekdigine düşünmegidir».
«Islendik betbagtçylykdan ejir çekeniň halas bolmak mümkinçiligine eýe bolmagy üçin, eger-de betbagtçylyk uly göwrümde bolan ýagdaýynda we şonuň üçin hem halas ediş gulluklarynyň wagtlaýynça kömek berip bilmedik halatynda, gyssagly zerur zatlaryň ýörite toplumy bolýar — oňa «howsalada gerek raýat ýantorbasy» diýilýär».
Bilermeniň pikiriçe «howsalada gerek ýantorba» goşulmaly zatlaryň sanawyny getirýäris:
– suw geçirmeýän daşlyklarda resminamalar ýa-da olaryň göçürme nusgalary. Muňa ýakynlaryňyzyň suratlaryny goşup bilersiňiz, bu olary tapmak üçin zerur bolup biler,
– bank kartlary ýa-da nagt pul,
– öýüň we awtoulagyň açarlarynyň nusgalary,
– ýaşaýan ýeriňiziň kartasy,
– dermanly guty,
– maglumatlara elýeterlliligi üpjün edip biljek aragatnaşyk enjamy. Ultra gysga tolkunda ýa-da FM-diapazonda işleýän radio, ykjam telefon,
– el ýa-da maňlaýa dakylýan çyra, şeýle hem olar üçin batareýalar,
– köpugurly pyçak-çakgy (gurallar toplumy bilen),
– aw pyçagy,
– üç güne niýetlenen azyk we suw ätiýaçlygy: buglanyp konserwirlenen et, et ýa-da balyk konserwalary, çorbalyk paketler. Eger ýer galsa – ýarma, unaş (makaron), gök-önüm ýarym fabrikatlary,
– duýduryş beriji serişdeler (jürlewük),
– tikin-çatyn toplumy (iňňe, sapak),
– bir gezeklik gap-çanak,
– arassaçylyk serişdeleri,
– ätiýaçlyk jalbar, penjek, ýagyşdan goranmak üçin plaş, baş gap, oňaýly aýakgap we içki geýimiň birnäçe toplumy.
«Şeýle toplumyň bolmagy halas ediş gulluklarynyň güýçleriniň doly ýaýbaňlandyrylýança islendik adama uly kömek bolup hyzmat eder. Ýöne, ýene-de belläp geçmek isleýärin, özüňizi parahat alyp barmasaňyz we bulam-bujarlyga özüňizi aldyrmasaňyz, hatda iň doly «ýantorbanyň» bolany bilen hem hiç hili kepillik berip bolmaýar».
«Ýantorba» adalgasynyň özi köp manyly we onuň düşündirilişine bagly bolup durýar. Eger bir ýagdaýda şeýle «ýantorba» aktiwler we gymmatly kagyzlar bilen doldurylan bolsa, beýleki halatlarda guradylan çörek bölekleri, suw we ötluçöpler bilen doldurylýar. «Howpsuzlyga bolan ynam» meselesine şunuň ýaly dürli hili çemeleşmek, baýlygyň derejesine däl-de, eýsem abanýan howpuň derejesine baglydyr. Şeýle howplara düşünmek işi, adatça, bilermenlere we hünärmenlere degişli diýlip hasaplanýar, ýöne halkyň «duýgurlygyny» aldap bolmaýar.
Bazar ykdysadyýeti, bir eli bilen tygşytlamaga mejbur edýän bolsa, beýleki tarapdan Wall Streetdäki ýeňlesleri tozduryp, «maliýe çemodanynyň» nähili bolmalydygyny kesgitledi. Altyn, nebit, walýuta - bularyň barysynyň durnuksyz bahasy bar we ýeke-täk bir zadyň, özi hem iň ygtybarly maýa goýum – ol gowy bilim hem saglykdyr. Bularyň ikisi-de ýokary hil derejesinde bolan ýagdaýynda şahsyýetiň maddy howpsuzlygyny we gazanylan başarnyklary durmuşa geçirmegiň mümkinçiligini kepillendirip bilýär.
Biziň häzirki ýaşap ýören ykjam gurşawymyzyň kömegi bilen, eger biz şäher gurşawynda kynçylyga duçar bolan ýagdaýymyzda, «ýantorbamyz» aňry gitse bir hepde gerek bolar. Eger ýakymsyz ýagdaýa duçar bolan ýeriňiz uzak ýa-da tebigy zolaklar bilen serhetleşýän bolsa, «ýantorbamyz» has ulurak bolmaly. Diňe paýhasly meýilnamalaşdyrmak arkaly özüňiz we ýakynlaryňyz üçin ygtybarly geljegi üpjün edip bilersiňiz.
ORIENT news
Surat: www.marieclaire.ru