Türkmenistanda galla oragy başlandy
05.06.2025 | 11:50 |Çarşenbe güni Türkmenistanda 2025-nji ýylyň galla oragynyñ möwsümi başlandy. Ilkinji kombaýnlar Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda meýdanlara çykdy. 11-nji iýundan başlap Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň daýhanlary hem oraga goşular.
Resmi metbugat serişdeleriniň habaryna görä, 690 müň gektar meýdanlykdaky ekinlerden 1,4 million tonna bugdaý ýygnamak meýilleşdirilýär. Şolaryň 400 müň tonnasy Ahal welaýatynda, 345 müň tonnasy Mary welaýatynda, 310 müň tonnasy Lebap welaýatynda, 265 müň tonnasy Daşoguz welaýatynda we 80 müň tonnasy Balkan welaýatynda ýygnalar. Ekerançylyk ýerlerinde bugdaýyň bol hasyl berýän görnüşleri ösdürilip ýetişdirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 29-njy maýda Ministrler Kabinetiniň mejlisinde oragyň başlanmagyna ak pata berip, ýurdumyzyň ekerançylaryna üstünlik arzuw etdi. Galla oragy Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýylynda we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýär.
Orak möwsüminiň däp bolan başlanmagynyň çäklerinde aksakgallar ýurduň abadançylygy we gülläp ösüşi üçin doga etdiler we ilkinji bugdaý bogdagyny kombaýnçylara ak patalar bilen gowşurdylar.
Galla oragynyñ guramaçylykly geçirilmegi üçin tejribeli mehanizatorlardan toparlar düzüldi. Oraga döwrebap galla orujy kombaýnlar we oba hojalyk tehnikalary gatnaşýar. Tehniki hyzmat we üpjünçilik işi üçin abatlaýyş-mehaniki toparlar döredildi, olar ýangyç-çalgy materiallary we ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün ederler. Galla awtoulaglar arkaly daşalar, önümiň hiline bolsa “Türkmenstandartlary” gullugynyň hünärmenleri gözegçilik ederler.
Ylym edaralary, şol sanda Ylmy-barlag däneçilik instituty täze bugdaý görnüşlerini döretmek bilen meşgullanýarlar. Iň täze görnüşleriniñ hatarynda “Serdar”, “Arkadag” we “Pyragy” atly bugdaýlar bar. Synag işleri geçirilýär, ýer we suw serişdeleriniň netijeli ulanylmagyna aýratyn üns berilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyñ çäklerinde döwlet tarapyndan bugdaý we pagta üçin satyn alyş bahalarynyň ýokarlandyrylmagy hakynda karar kabul edildi. Bu ädim daýhanlaryň zähmetini höweslendirmäge we ýurduň azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
ORIENT