Iň täze habarlar

Türkmenistanda halkara bäsleşik: Ýaşlar we durnukly ösüş

04.06.2025 | 18:18 |
 Türkmenistanda halkara bäsleşik: Ýaşlar we durnukly ösüş

Iýun aýynyň 2-ne S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Türkmenistanyň Bilim hem-de Oba hojalyk ministrlikleri bilen bilelikde talyplaryň arasynda ylmy taslamalar boýunça halkara bäsleşigini geçirdi. Bu çäre Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýylyna, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä gününe we Ylymlar gününe bagyşlandy.

Bäsleşigiň esasy temasy «Ýaşlaryň Durnukly Ösüş Maksatlaryna (DÖM) ýetmekdäki orny» boldy. Bu bäsleşik bu ugurda geçirilen üçünji halkara çärä bolup, onuň maksady halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekden, talyplaryň arasynda gatnaşygy ösdürmekden we olaryň ylmy gyzyklanmalaryny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Bäsleşigiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyñ ilkinji döwletleriň biri hökmünde BMG-niň ähli 17 Durnukly Ösüş Maksatlaryny (DÖM) resmi taýdan kabul edendigi barada bellendi. Şeýle hem ýurdumyzyň durmuş-ykdysady syýasatynyň bu maksatlara laýyk gelýändigi nygtaldy. Munuň subutnamasy hökmünde BMG-niň Baş Assambleýasynda kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly Kararnamasy görkezildi.

Bäsleşigiň birinji tapgyryna Türkmenistandan we daşary ýurtlardan, şol sanda Russiýa, Azerbaýjan, Eýran, Türkiýe, Gazagystan, Hytaý, Belarus, Latwiýa, Malaýziýa, Polşa, Çernogoriýa we Sloweniýa ýaly 13 ýurtdan jemi 131 iş gelip gowuşdy. Ikinji tapgyra 36 taslama saýlanyp alndy, olar DÖM ugurlarynyň – açlygyň ýok edilmegi, arassa suw, elýeterli energiýa, howanyň üýtgemegine garşy göreş, deňiz we gury ýer ekoulgamlarynyñ goralmagy ýaly möhüm ugurlaryna goşan gymmatly goşandy bilen tapawutlandy. Bu işler durnukly ösüşe ýetmek boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň edýän tagallalaryna ähmiýetli goşant goşmaga gönükdirilendir.

ORIENT

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: