Türkmenistanyň BMG-daky hemişelik wekili halkara gatnaşyklarynda ýaşlary işjeňleşmäge çagyrdy
26.12.2022 | 08:52 |Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa ýurduň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň diňleýjileri duşuşdy. Şeýle hem duşuşyga “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşiginiň birinji möwsüminiň ýeňijileri, ýagny HGI-ne talyp bolmaga dalaşgärler gatnaşdylar.
Ýakyn geljekde Watanyň ösüşini, onuň dünýä derejesinde bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmek baradaky jogapkärçiligi öz üstlerine almak wezipesi düşjekleriň öňünde çykyş edip, Aksoltan Ataýewa ýaş diplomatlary taýýarlamagyň täze geljegi uly ugurlaryna, türkmen diplomatiýasynyň ýokary mekdebiniň mugallymlarynyň, işgärleriniň, aspirantlarynyň we talyplarynyň işlerindäki açylmadyk mümkinçiliklere aýratyn üns berdi.
Ol ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň ýaşlar birleşmeleriniň işinde halkara düzüm bölümlerini ösdürmegiň zerurdygyny, şunda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň uly goldaw berip biljekdigini belledi.
“Şeýle işler eýýäm alnyp arylýar. Ýöne, hut siziň öňüňizde – ýaşlaryň we professor-mugallymlar düzüminiň öňünde ýokary okuw mekdepleriň arasynda ozal gazanylan ylalaşyklary, ýurdumyzyň çäklerinden daşardaky abraýly okuw mekdepler bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen ähtnamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek wezipesi durýar” diýip, Aksoltan Ataýewa aýtdy.
Daşary ýurtlardaky kärdeşler pandemiýadan soň, bilelikdäki işleri täzeden dikeltmäge taýýar hem-de Türkmenistanyň diplomatik gullugy togtadylan aragatnaşyklary, ilkinji nobatda, sebit boýunça goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary ýola goýmaga hertaraplaýyn goldaw berer diýip, hemişelik wekil beýan etdi.
Onuň pikirine görä, häzirki wagtda BMG-niň bilim maksatnamalarynyň çäklerinde, şol sanda BMG-niň Uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiligi doly derejede ulanylmadyk ýagdaýda. Bu edara (gysgaça BMGU) Baş wekilhanasy Tokioda ýerleşen, ylmy-barlag merkezleriniň we ylym maksatnamalarynyň ählumumy merkezleşdirilmedik ulgamydyr. Uniwersitetiň jemi dünýäniň 13 ýurdunda ylmy-barlag merkezleriniň 15-si bar we şolaryň her biri ýöriteleşdirilen belli bir ugra eýe bolup, ýerli uniwersitetler bilen hyzmatdaşlyk edýär.
Ataýewa sözüni dowam edip, talyplara BMGU-daky deň-duşlary bilen tanyşmaga, onuň çäklerinde durmuşa geçirilýän halkara maksatnamalaryny öwrenmäge, BMG-niň Uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda ähtnamany kabul etmäge hem-de iş ýüzünde özara hereket etmäge girişmäge mümkinçilik bermek üçin tanyşlyk saparlaryny guramagy teklip etdi.
Şeýle hem ol BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Dialogyň parahatçylygyň kepili hökmünde Halkara ýyly diýlip yglan edilen 2023-nji ýylyň Türkmenistanyň bu başlangyjyny öňe ilerletmäge ýaşlaryň we diplomatik mekdebiň gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny belledi.
Aksoltan Ataýewa geljek ýylyň ikinji çärýeginde ýaşlaryň “Dialog – parahatçylygyň kepili hökmünde” atly halkara forumynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy we şunuň bilen baglylykda, eýýäm häzirden geljekki çäräniň temalary hem-de beýleki meseleleri boýunça teklipleri bermek üçin şol kongresiň nähili görnüşde bolmalydygyny ara alyp maslahatlaşmaga başlamaga çagyrdy.
Türkmen diplomatiýasynyň esasy ýörelgelerini hem-de eýerýän ugurlaryny beýan edip, hemişelik wekil Birleşen Milletler Guramasy, onuň esasy edaralarynyň işi, bütin dünýä ähmiýetli bu abraýly guramada Türkmenistanyň köptaraply işiniň esaslary barada ýaşlaryň bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagy babatda pikirini aýtdy.
Ol Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň BMG-niň Sebitara nusgasynyň nobatdaky mejlisini guramagy maksat edinýändigini habar berdi, şonuň ilkinji mejlisi 2020-nji ýylyň oktýabrynda geçirildi.
“Biz bu çäräni Birleşen Milletler Guramasynyň güni bolan 24-nji oktýabra gabat getirmegi we ony BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen bilelikde geçirmegi maksat edinýäris” diýip, Ataýewa aýtdy.
2020-nji ýylda BMG-niň Sebitara nusgasynyň işine 120-den gowrak adam, hususan-da, diplomatiýa we halkara gatnaşyklary ulgamynda ýöriteleşen ýokary okuw mekdepleriniň 15-niň mugallymlary we talyplary, şeýle hem Aziýanyň hem-de Ýewropanyň 13 döwletinden işläp ýören diplomatlar gatnaşdylar.
Geçiriljek çäre, BMG-niň ulgamynyň birnäçe edaralarynyň, hususan-da, Baş Assambleýanyň, Ykdysady we durmuş geňeşiniň (EKOSOS) we beýlekileriň işini ýerine ýetirier.
“Türkmen diplomatiýa mekdebiniň taýýarlaýan ýokary hünärli bilermen halkaraçylaryna bolan isleg, hemişe bolşy ýaly, yzygiderli artar. Hökümet size umyt bildirýär we siziň taýýarlanylmagyňyza köp tagallalary edýär” diýip, Aksoltan Ataýewa geljekki kärdeşlerine aýtdy. Şondan soň ol duşuşyga gatnaşyjylaryň sowallaryna jogap berdi. Olar hemişelik wekiliň çagyryş mazmunly çykyşyndan soň, örän işjeň we başlangyç beýan edýän teklipli boldular.
ORIENT news