Iň täze habarlar

Türkmenistanyň ilaty: sany, ösüşi we beýleki görkezijileri

20.10.2022 | 18:44 |
 Türkmenistanyň ilaty: sany, ösüşi we beýleki görkezijileri

Bu makalada dürli açyk çeşmelerden, şol sanda Bütindünýä bankynyň maglumatlary, şeýle hem Türkmenistanyň uniwersitetleriniň maksatnamalaryna girizilen häzirki zaman okuw kitaplaryndan maglumatlar bar. 2022-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanda ýurduň demografiki görkezijilerini has takyk görkezоул ilkinji sanly ilat we ýaşaýyş jaý gorunyň ýazuwy geçiriler.

Umumy maglumat

Bütindünýä bankynyň berýän maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylda Türkmenistanyň ilaty 6 milliondan gowrak adamdan ybaratdy. 20 ýyl mundan ozal şol görkezijiniň 4,5 million derejesinde bolandygyny we 1926-njy ýylda 998 müň adamdygyny göz öňünde tutup, dünýäde ilatyň köpelmeginiň çalt dinamikasyny görmek bolýar.

Türkmenistanda ilkinji ilat ýazuwy 1995-nji ýylda geçirildi. Şeýlelik bilen, ýurt umumy ilat ýazuwyny geçiren GDA-nyň giňişliginde ilkinji boldy. 2009-njy ýylda geçirilen ilat ýazuwynda ilatyň ýyllyk 1,5% ösüşi ýüze çykaryldy.

Ýönekeý arifmetikany ulanmak bilen, esas hökmünde 1,5% durnukly ösüşi alsak, 2030-njy ýyla çenli 6,7 million adama, 2050-nji ýyla çenli bolsa 10 millionadama çenli ilatymyz bolar.

Ilatyň hakyky ösüşi ppm - 1000 ilata hasaplanýar. Bu görkezijä esaslanyp, arassa ösüş 15,4 ppm bolup, bu bolsa Türkmenistany GDA-da şu esasda öňdebaryjylardan birine öwürýär.

Gender statistikasy

Türkmenistan – aýal-gyzlaryň agdyklyk edýän ýurdy bolup durýar. Ýurduň ilatynyň ýarysyndan gowragy – 50.2%-i zenan maşgalalardyr, ýöne soňky onýyllyklarda gender diagrammasyndaky zenan maşgalalaryň agdyklyk etmegi kem-kemden azalýar.

Statistika maglumatlaryna görä, 1990-njy ýylda erkekadamlar ilatyň 49,7%-ini düzýärdi, 9 ýylda bu görkeziji 49,9% -e çenli ýokarlandy, bu bolsa ilatyň gender balansynyň deňagramlylyga ymtylýandygyny görkezýär.

Maşgala düzümi

Türkmenistanda 1995-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwyna görä, ilatyň 47% -ini 4-6 sany agzasy bolan maşgalalar, ilatyň 31% -ini bolsa 7 ýa-da ondan has köp adamly uly maşgalalar düzýär.

Türkmenistanyň uniwersitetleriniň okuw kitaplarynda berlen iň soňky barlag işlerine görä, Türkmenistanyň uly şäherlerinde häzirki zaman dünýä ymtylyşlaryna laýyklykda 2-3 adamdan ybarat maşgalalaryň sany artýar. Şol bir wagtyň özünde, oba ýerlerinde maşgalalar esasan 6 adamdan, şäherde bolsa 4 adamdan ybaratdyr.

Milleti boýunça ilat

Türkmenistan köpmilletli döwlet bolup, onda ilatyň köp bölegini türkmenler eýeleýärler. 1995-nji ýylda ilatyň 88%-ini türkmenler, 9,2%-ini özbekler, 6,7%-ini ruslar we 2%-ini gazaklar düzýän bolsa, 2010-2020-nji ýyllarda türkmenler ilatyň 90%-ini düzdiler.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan dürli etnik azlyklaryň ýaşaýan köpmilletli ýurt bolmagyny dowam etdirýär. Şeýle hem ýurt beýleki milletlerden bolan adamlary öz raýatlygyna yzygiderli kabul edýär. Şeýle çäreleriň ýene biri şu ýylyň sentýabr aýynda bolup, onda 1,530 adama Türkmenistanyň raýatlygy berildi we 315 sany daşary ýurt raýatlary bu ýurtda ýaşamaga rugsat aldylar.

ORIENT
Surat: redaksiýanyň arhiwinden

Şeýle hem okaň: