Iň täze habarlar

HHR-niň Türkmenistandaky ilçisi: Hytaýa esasy sözler arkaly garaýyş (16-njy goýberiliş)

15.01.2023 | 06:53 |
 HHR-niň Türkmenistandaky ilçisi: Hytaýa esasy sözler arkaly garaýyş (16-njy goýberiliş)

Ýakynda Hytaýyň hökümeti 2023-nji ýylyň 8-nji ýanwaryndan başlap, COVID-19-a täsir edişiň derejesini A tapgyryndan B tapgyryna çenli peseltjekdigini we serhetüsti gatnawlar babatda wagtlaýyn çäreleriň görüljekdigini yglan etdi. Giriziljek şeýle düzedişler wirusyň mutasiýasyna, epidemiki ýagdaýlara hem-de öňüni alyş we gözegçilik etmek boýunça tagallalara hemme taraplaýyn baha berilmäge esaslanandyr.

Esasy söz 1: B tapgyrynda bellige almagyň derejesi

1.jpg

Aşakda Hytaýyň hökümeti tarapyndan COVID-19-a degişli bellige almagyň derejesiniň peselmegi barada yglan edilenden soň, wagtlaýyn çäreler getirilýär.

Birinjiden, ýurda gelýän syýahatçylar PSR-testiň oňyn netijesini görkezmelidirler, şol ugramazlaryndan öň 48 sagadyň dowamynda ýerine ýetirilen bolmalydyr. Testiň netijesi saglygyň ýagdaýy baradaky gümrük resminamasynda bellige alnan bolmalydyr. Ýurda girýän syýahatçylara indi Hytaýyň ilçihanalarynda ýa-da konsullyklarynda saglyga degişli kody sorap almagyň zerurlygy ýok. Kimiň testi gerekli netijäni görkezmedik bolsa, testiň zerur bolan oňyn görkezijisi alynýança syýahatyny goýbolsun etmegi gerek.

Ikinjiden, mundan beýläk PSR-testler gelenlerinden soň, ýurda girýän syýahatçylar üçin geçirilmez. Sagdyn hem-de gurnalan gümrük karantin gözegçiliginden geçen adamlar izoliýasiýa edilmezden, Hytaýa girip bilerler. Saglygyň ýagdaýy baradaky deklorasiýa ýa-da gyzgynyň ýokar;lanmagy we beýleki alamatlar bilen baglanyşykly meseleler ýüze çykanda, gümrükde antigen üçin test tabşyrmalydyr. Testiniň netijeleri oňat bolan ýa-da keseliniň ýüze çykmasy onçakly uly bolmadyk syýahatçylar karantini özbaşdak geçip bilerler ýa-da ýaşaýan ýerleri boýunça özbaşdak bejeriş bilen meşgullanyp bilerler. Galan ýagdaýlarda mümkin boldugyça tiz lukmançylyk kömegine ýüz tutmalydyr. Testiň bildirilýän talaba laýyk netijesi bolanlar adaty gümrük barlagyny hem-de Hytaýyň “Serhetde saglygy goraýyş we karantin hakynda kanuna” hem-de ýola goýlan beýleki kanunlara we düzgünlere laýyklykda karantin gözegçiligini geçmegi zerurdyr.

Üçünjiden, uçuşlaryň sanynyň kem-kemden köpelmegi we uçuş ugurlarynyň takyk paýlanylmagy bilen ýolagçylaryň halkara gatnawlarynda mümkinçiliklerine bolan çäklendirmeler ýatyrylar. Awiakompaniýalar ýolagçylar tarapyndan agyz-burun örtüklerini hökmany geýmegi goşmak bilen, uçaryň üstünde ýeterlik öňüni alyş çäreleriniň görülmegini üpjün etmeli.

Dördünjiden, Hytaý işe, işewürlige, bilime, garyndaşlaryna baryp görmek we maşgalasyna gowuşmak ýaly maksatlar üçin daşary ýurt raýatlarynyň ýurda girmegini gowulandyrar we wiza düzgünini degişli derejede ýeňilleşdirer.

Bäşinjiden, Hytaý girilýän portlarynda "diňe ýükler üçin" syýasatyna düzedişleri girizer hem-de ýolagçylaryň gury ýer we suw arkaly girmegini we çykmagyny ýuwaş-ýuwaşdan dikelder hem-de hytaýyň we daşary ýurtlaryň wahtalaryny çalyşýan toparlary üçin has oňaýly ýagdaýy üpjün eder.

Altynjydan, Hytaý synag meýilnamasyndan başlap, öz raýatlary üçin daşary ýurt syýahatçylygyny tertipli düzgünde täzeden dikelder.

Hytaý COVID-19-a garşy göreşmek boýunça çäreleriň has-da ylmy taýdan esaslandyrylan, maksada gönükdirilen bolmagy hem-de COVID-19 bilen baglanyşykly üýtgäp durýan ýagdaýlary göz öňünde tutmak we hytaýly hem-de daşary ýurt raýatlarynyň serhetüsti gatnawlarynyň howpsuz hem-de düzgün-tertipli bolmagyna oňat ýardam etmek üçin onuň üstünde işlemegini dowam eder.

Esasy söz 2: Adamlar ähli zatdan ýokarda

15012023kitay.jpg

COVID-19 döräli bäri Hytaý adamlary we olaryň durmuşyny hemişe birinji orunda goýup geldi. Biz adamlaryň durmuşyny we saglygy goramak üçin ähli tagallalary edýäris hem-de ähli serişdelerimizi her bir hassanyň bejerilmegine gönükdirýäris. Soňky üç ýylda biz COVID-19-yň bütin dünýäni gurşap alan tolkunlarynyň bäşisiniň garşysyna netijeli hereket etdik hem-de özboluşly ştamm we Delta görnüşi sebäpli ýüze çykan ýokançlarynyň giňden ýaýramagynyň öňüni aldyk, şolar beýleki görnüşlere görä has patogen ýagdaýdadyr. Biz agyr ýagdaýlaryň we ölümleriň sanyny ep-esli azaltdyk, şeýle hem barlaglary geçirmek, sanjymlary işläp taýýarlamak we ulanmak hem-de terapewtik serişdeler, derman serişdelerini we beýlekioleri taýýarlamak üçin gymmatly wagt utduk.

COVID-19-a garşy göreşmegiň dowamynda Hytaý ýokanjyň öňüni almak we oňa gözegçilik etmek hem-de durmuş-ykdysady taýdan ösüş çärelerini netijeli utgaşdyrdy, şeýle hem üýtgäp durýan ýagdaýlar bilen baglylykda, täsir ediş syýasatyny kämilleşdirdi.

Omikronyň patogen we ölüm howpunyň has pes derejede bolmagy sebäpli, Hytaýyň bolsa bejermek, synag we sanjym etmek babatda mümkinçilikleriniň yzygiderli artýandygy üçin ýokanja garşy göreşmäge berilýän ünsi saglyk hem-de agyr ýagdaýlaryň öňüni almak ugrundaky aladalara geçirmek bilen COVID-19-y ýokanç keselleriň A derejesinden B derejesine degişli etmek boýunça çözgüt kabul edildi.

Munuň özi, ylmy taýdan esaslandyrylan, öz wagtyndaky we zerur bolan üýtgeşmelerdir. Bu bolsa ýokanjyň öňüni almak we oňa gözegçilik etmek hem-de durmuş-ykdysady we adamlaryň has köp sanlysynyň uly bähbitlerini goramak çärelerini netijeli utgaşdyrmak üçin strategik hem-de uzak möhletleýin geljek babatda hem möhümdir. Täsir ediş çäreleriniň takyklanyş ýagdaýyna görä, Hytaýyň degişli edaralary lukmançylyk serişdeleriniň berkidilmeginiň, köpderejeli we anyklamagyň hem-de bejermegiň ugurlaryna degişli usullara esaslanan gurallary döretmegiň, önümçilik kuwwatlyklaryny we derman serişdeleriniň iberilmegini artdyrmagyň üstünde depginli işleýär.

Biz saglyk ýagdaýy oňat bolmadyk gartaşan adamlary, göwreli we bejergi alýan zenanlary, çagalary hem-de ilatyň beýleki esasy toparlaryny goramak üçin has köp serişdelerimizi şol ugra gönükdirdik.

Esasy söz 3: Ykdysadyýetiň täzeden dikeldilmegi

3.jpg

Hytaýda COVID-19 ýokanjyna garşy göreşi işjeňleşdirmek boýunça çäreleriň täze toplumy ýurduň ykdysadyýetini täzeden dikeltmäge netijeli ýardam berer. Munuň özi, Hytaýyň ykdysadyýetiniň berkligi, kuwwaty hem-de uzak möhletleýin durnuklylygy nazar alnyp berlen oýlanyşykly bahadyr.

Adam akymynyň hem-de harytlary alyşmagyöň mundan beýläk ýeňilleşdirilmeginiň netijesinde, çäreleriň täze toplumy sarp ediş çykdajylary, maýa goýumlar we daşary söwda bilen birlikde, giň gerimli ugurlarda işewürligi yzygiderli artdyrmaga gönükdirilendir – şeýlelikde, ykdysady önümçiligiň mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berýän bazaryň ägirt uly kuwwaty ulanylar.

Halkara pul gaznasynyň paýlaýjy direktory Kristalina Georgiýewanyň sözlerine görä, COVID-19 ýokanjy babatda alyp barýan syýasatyna gaýtandan seretmegi boýunça hytaýyň hökümetiniň gören aýgytly çäreleri Hytaýda ykdysady ösüşiň täzeden dikeldilmegi üçin has netijeli ymtylyşy döredip biler. Munuň özi, aýratyn-da, sanjym geçirmek boýunça has giň gerimli çäreler, wirusa garşy bejergi bermek we saglygy goraýyşyň kuwwatyny artdyrmak bilen utgaşyklykda şeýledir.

Şeýle çäreler Hytaýyň halky we ykdysadyýeti üçin, şeýle hem Aziýa we dünýä ykdysadyýeti üçin oňyn ýagdaýa getirip biler. Häzirki günde Hytaýyň ykdysadyýetiniň sagdynlaşyň başlan alamatlary ýüze çykyp ugrady. Täze ýyl bilen baglanyşykly, ýakynda tamamlanan üç gün dynç alyşyň dowamynda 2,7 milliona golaý adam şäheriň iň gözel ýerleriniň 151-sine baryp gördüler, bu bolsa 2019-njy ýylyň şol döwründäki görkeziji bilen deňeşdirilende, 86,4%-e deňdir.

Morgan Stanley 2023-nji ýylda Hytaýyň jemi içerki önüminiň ösüş depginleri boýunça çaklamalaryny 5%-den 5,4%-e çenli artdyryp, täzeden dikletmegiň işjeňliginiň has ir bolup geçmegini hem-de garaşylyşyndakydan, has depginli boljakdygyny çaklady.

Pekinde ýakynda ykdysady meseleler boýunça tamamlanan merkezi iş maslahaty ykdysady durnuklylygy ileri tutulýan baş ugra öwürmegi hem-de geljek ýyl ykdysady durnuklylygy üpjün etmek arkaly yzygiderli ösüşi gazanmagy talap etdi.

Bilermenler önümçiligiň we ýaşaýyş durmuşyň kadaly deňginleriniň täzeden dikeldilmegini 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda, aýratyn-da, ikinji çärýeginde tizleşjekdigini çaklaýarlar. Şonda ykdysady kuwwat güýçli depginler bilen ulanylar.

Hytaýyň umuman alanyňda ykdysadyýetiniň iň oňat bolmagyna ýardam bermek hem-de dünýä ykdysdadyýetiniň täzeden dikeldilmegine we ösdürilmegine kuwwatly itergi bermek üçin ynamy, şertleri we mümkinçilikleri bar.

Sýan Naýçen, HHR-niň Türkmenistandaky ilçisi

Foto: russian.news.cn

Şeýle hem okaň: