Iň täze habarlar

Türkmenistanda hünärmen okuwymy ýa-da bakalawriat: haýsyny saýlamaly?

18.01.2023 | 14:59 |
 Türkmenistanda hünärmen okuwymy ýa-da bakalawriat: haýsyny saýlamaly?

Türkmenistanyň bilim ulgamy hünär almagyň halkara magaryf ulgamyna has çalt goşulýar, bu bolsa gowy taraplaryň we garşy taraplaryň ölçerilmegine we soňsuz jedelleriň döremegine getirýär. Milli bilimiň häzirki ösüş konsepsiýasynda halkara tejribesiniň türkmen bilim ulgamyna goşulmagyny bellemek gerek. Bu makalada ORIENT bu ulgamyň haýsy tarapa hereket edýändigini we oňa nähili geljegiň garaşýandygyny öwrenmäge synanyşýar, şeýle hem Türkmenistanda ýokary bilim ulgamynyň hemişe halkaralaşmagy bilen bagly ähli töwekgelçilikleri bahalandyrmaga synanyşýar.

Türkmen ýokary okuw mekdebine girmäge synanyşýanlaryň ählisi gerekli resminamalar doldurylanda “hünärmen” ýa-da “bakalawr” bölümi bilen ýüzleşendir. Bu adalgalaryň arasyndaky tapawudy gysgaça düşündireniňde şeýle bolýar: “Hünärmen – üç jübüt sapagy 5 ýyl okamaly”, “bakalawr – iki jübüt sapakdan 4 ýyl okamaly”. Size bu hili düşündirilişiň dogry däldigini aýtmaga howlukýarys. Sebäbi bu iki bilim maksatnamalary hünäri edinmek üçin dürli çemeleşmä we göz öňüne getirmä eýedir. Şol sebäpli size bu düşünjeler bilen jikme-jik tanyşmagy teklip edýäris. Muňa düşünmekde bolsa bize şol iki sany ulgamyň wekilleri – hünärmen we bakalawr ulgamynyň wekilleri kömek ederler.

Bakalawrlaryň derejesini D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Mariýa Ablisenowa gorar:

— Bakalawriat — bu gutarylan ýokary bilim diýmekdir. Bolon okuw ulgamynyň birinji basgançagy bu prosese gatnaşýan ähli gatnaşyjy-ýurtlaryň bilim ulgamyny standartlaşdyrmaga gönükdirilendir. Ol, ilkinji nobatda, talyplar bilim alandan soňra olaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir we tejribä daýanýar. Ikinjiden, bakalawr derejesi bolanlaryň daşary ýurtda ýa-da başga bir ýokary okuw mekdebinde goşmaça bilim almaga mümkinçiligi bolar, ýagny ikinji ýokary bilimi alyp bilýär we ondan soňra – magistr ylmy derejesini alyp bilýär.

Saýlanyp alnan hünäri çuňňur öwrenmek üçin magistrlige diňe bakalawr diplomyň bolanda girip bolýar. Islendik beýleki bilim ulgamynda bolşy ýaly, bakalawriatyň beýleki ulgamlaryň öňünde öz artykmaçlyklary bardyr. Bilim almagyň möhletiniň gysgalygyny muňa goşmak bolýar: bakalawr diplomyny almak üçin hünärmenden tapawutlylykda 4 ýyl okamaly, gysga wagtyň içinde talyplar özbaşdak tejribe geçip, has köp nazary bilim alýarlar. Şol sebäpli olaryň tejribesine aýratyn sagatlar bölünip berilýär.

Ýene-de bir artykmaçlygy hünär ugruňy üýtgetmek mümkinçiligidir. Ol talybyň öňünde ikileýin diplom almak üçin uly geljegi açýar, netijede – hünär ugrunyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Bakalawryň diplomyny almak bilen, talyplar geljekde özleriniň saýlap alan hünäri boýunça işlemäge borçly däldirler we kärini aňsatlyk bilen üýtgedip bilýärler.

Elbetde, köp ýurtlar soňky döwürde Bolon ulgamyna geçýärler, bu bolsa öz gezeginde bakalawrda okaýan talyplar üçin beýleki ýurtlarda okuwyny dowam etdirmek ýa-da işlemek mümkinçiligini açýar, bu hem onuň bir artykmaçlygydyr. Iş berijiler daşary ýurtdan haýsydyr bir anyk hünär bilen bagly bolmadyk talyplary uly höwes bilen kabul edýärler.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hemmesi diýen ýaly Bolon ulgamyna geçýärler. Ýöne Türkmenistanda ol integrirlenendir we meniň üçin bu has şowludyr. Meselem, bu prosese gatnaşýan köp ýurtlardan-gatnaşyjylardan tapawutlylykda bizde býujete degişli ýerler bar, şeýle hem tejribä gönükdirilen bolmagyna garamazdan, nazary taýýarlyga uly üns berilýär. Şeýlelikde, bizde hem talyplyk haklary bar, hem-de leksiýalaryň ýeterlik mukdary bar. Biz 4 ýyl okaýarys we geljekde, magistrlige girip bilýäris, ol ýerde okuwyň möhleti ýokary okuw jaýyna baglylykda 1 ýyldan 2 ýyla çenlidir.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hünär talyby Meýlis Mätjiýewiň düýbünden başgaça nukdaýnazary bar:

— Hünär ugry (spesialitet) köp ýyllap özüniň netijeliligini subut etdi we ylmyň köp ugurlarynda bilimleriň giň görnüşini almaga daýanýar. Häzirki wagtda hünär maksatnamasy Türkmenistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň köpüsinde entek hem bar, olar tarapyndan berilýän hünärler häzirki wagtda hem derwaýysdyr, meselem, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetini alyp görenimizde, ol ýerde ähli hünär ugurlary – däp bolup gelýän bilim ulgamynyň çäklerinde alnyp barylýar.

Elbetde, döwür bilen aýakdaş bolmak we halkara tejribesini ulanmak örän möhümdir, ýöne spesialitet (hünär ugry) doly amaly ylmy barlaglara we nazary material bilen çuňňur işlemäge esaslanýar. Ýagny, eger-de gürrüň inženerçilik, tehniki we lukmançylyk hünärlerini edinmek barada barýan bolsa, onda spesialitet iň geregidir.

Biziň maksatnamamyzyň tapawutly taraplarynyň biri geçilen materialyň özleşdirilmegi boýunça her aýda attestasiýanyň tabşyrylmagydyr, düzgün bolşy ýaly biletli synag ulgamynyň bolmagydyr we elbetde, diplomyň goralmagy, bu bolsa geljekde aspirantura girmäge mümkinçilik berýär, we belläp geçmeli zat – bilimiň halkara maksatnamalaryna goşulyp bolýar, magistr hökmünde bilim almagyňy dowam etdirmek mümkinçiliginiň bolmagydyr.

Hünär ugry (spesialitet) maksatnamasy boýunça okuwyň möhleti 5 ýyl we ondan hem köpdür, şunda sagat sany bakalawryňkydan köpdür. Bu, ilkinji nobatda, saýlanyp alnan hünäriň kynlygy bilen düşündirilýär we berlen materialy has çuňňur öwrenmegiň zerurdygy bilen düşündirilýär.

Türkmen spesialitetiniň aýratynlygy – bilimleriň diňe nazaryýetde däl-de, eýsem bu maksatnama üçin ýörite bölünip berlen tejribede iş ýüzünde ulanylmagydyr.

Netije

Biz Türkmenistanda Bolon ulgamynyň integrirlenýändigini görýäris, ýöne şunlukda türkmen ýokary okuw mekdepleriniň köpüsinde hünär ugry (spesialitet) saklanyp galýar. Bilim maksatnamalarynyň ikisi-de türkmen ýokary okuw mekdeplerinde öz aýratynlyklary bilen bardyrlar.

Şeýlelikde biz anykladyk, bakalawriat – bu gysgalyk, tejribe we üýtgedip bilmeklik, hünär ugry (spesilitet) bolsa — çuňňurlyk, nazaryýet we durnuklylyk. Bakalawriatyň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine has köp akymyna garamazdan, spesialitet öz aýaklarynyň üstünde berk dur. Bu bolsa milli bilim ulgamynyň geljegi haýsydyr bir galyba salnan maksatnamasyny ulanmakda däl-de, şu maksatnamalardan türkmen talybyna başarnyklary we bilimleri edinmek üçin hakykatdan gerekli bolan elementleri ulanmakdyr.

Arslan MÄMEDOW

Foto: Google

Şeýle hem okaň: