Türkiýäniň köller ülkesi 2023-nji ýylyň syýahatçylyk künjekleriniň TOP-50 sanawyna girdi
06.01.2023 | 15:50 |Ortaýer deňzi sebitinde ýerleşýän Türkiýäniň köller ülkesi ajaýyp tebigaty, gür ösümlikleri, arassa howasy we sansyz tebigy gözellikleri bilen jahankeşdeleri özüne çekýär. Munuň saýasynda ol 2023-nji ýylda Travel+Leisure žurnalynyň pikir soraşmasy bilen syýahatçylyk künjekleriniň TOP-50 sanawyna girizildi.
Köller ülkesi Türkiýäniň günorta welaýatlaryndan, ýagny Afýonkarahisar, Antalýa, Burdur, Ysparta we Konýadan ybarat bolup, esasan hem, soňky ýyllarda syýahatçylaryň gezelenç meýilnamalarynda has köp duşýar. Ortaýer deňzi bu sebiti özüniň bu adyny köp sanly, ýagny Ajyköl, Akşehir, Akköl, Burdur, Beýşehir, Gawur, Yşykly, Ýylgyn, Egirdir, Eber, Kowada, Salda, Karamyk, Sugla, Ýaryşly we Karataş ýaly kölleri bilen aldy.
Ýer titremeleriň netijesinde Toros daglarynyň eteginde emele gelen birnäçe tektoniki köllerden başga-da, Köller ülkesi gadymy grek we rim şäherleri, amatly ýerleşişi we mähirli, gyzgyn garşylanmagy bilen myhmanlary özüne çekýär.
Ysparta: Türkiýäniň bägül bagy we Köller ülkesiniň kalby
Hoşboý ysly Ysparta bägül we lawanda plantasiýalary bilen sebitiň hakyky merjenidir. Türkiýäniň we Köller ülkesiniň iň meşhur welaýatlarynyň biri bolan Ysparta diňe bir tebigat gözelligi bilen haýran galdyrman, eýsem ol sebitiň medeni, ykdysady we taryhy merkezidir.
Ysparta welaýaty ajaýyp tebigy gözelligi, sportyň gyşky we tomusky görnüşleri bilen meşgullanmak mümkinçüilikleri, «asuda şähçerleri» we tagamlarynyň dürlüligi bilen häsiýetlendirilýär. Munuň saýasynda bu ýerde dynç alyş hem rahatlandyryjy bolýar. Bu sebite köplenç Türkiýäniň «bägül bagy» diýilse-de, ýakynda bu ýerde lawanda meýdanlary hem peýda boldy. Olaryň gyrmyzy öwüsýän ajaýyplygyny görmek üçin Ysparta müňlerçe syýahatçy gelýär we olar bu ýerde uly myhmansöýerlik bilen garşylanýar.
«Asuda şäherçeler» we tektoniki köller
Şeýle hem Yspartada Cittaslowyň birleşigine girýän Türkiýäniň «asuda şäherçeleriniň» on sekizden ikisi bolan Ýalwaç we Egirdir ýerleşýär. Taryhy we tebigy gözel ýerlere baý Egirdir sebitinde Kowada köli, şeýle hem Köller ülkesiniň iň uly bölegi bolan Egirdir köli ýerleşýär.
Ol özüniň alma we şetdaly baglary bilen gurşalandyr we günüň dowamynda täze reňkler bilen göwnüňi açýan meşhur suwa düşülýän kenarlary we arassa suwlary bilen tebigatyň hakyky gudratyny görkezýär. Kölde materik bilen birleşýän iki sany kiçijik ada bar. Ýeşil Ada Egirdir şäheriniň merkezinden bir ýarym kilometr uzaklykda ýerleşýär.
Dokuz gektarlyk adadaky daşdan gurlan binýatlarda, dar köçelerde we balykçylar üçin kiçijik gaçybatalga bolup hyzmat edýän agaç jaýlaryň taryhy görnüşi saklanyp galypdyr. Mundan başga-da, ýerli ýaşaýjylaryň öň Nis diýip atlandyran adasy köp sanly hostelleri we balyk restoranlary, esasan hem hristianlar tarapyndan hormatlanýan Agia Stefanos buthanasy bilen özüne çekýär.
Egirdir bilen Ýeşil Adanyň arasynda ýedi müň inedördül metr meýdany bolan reňkli Jan Ada düýbünden başgaça görünýär. Sebäbi bu ýerde gurlan bina ýok. Bu ada Mustafa Kemal Atatürküň Egirdire sapary wagtynda adamlar tarapyndan oňa sowgat berlipdir.
Kowada köli, öz gezeginde, adatdan daşary kiçi bolup, ösümlik dünýäsiniň baýlygy we haýwanat dünýäsiniň dürlüligi bilen ajaýypdyr. Ol açyk howada dynç alyş we güýmenje üçin laýyk ýer. Kölüň töwereginde döredilen milli seýilgähde tebigaty öwrenip, gezelenje çykyp, pyýada ýöräp, guşlara syn edip we gaýalara dyrmaşyp bilersiňiz.
Ýene-de bir tebigy ýer – bu Gelçuk köli we onuň töweregi, haýwanlaryň we ösümlikleriň köp görnüşi üçin öý bolup hyzmat edýär we dynç alyş, güýmenje we sport bilen meşgullanmaga hem mümkinçilikler döredýär.
Tekst we surat Türkiýäniň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan berildi