Iň täze habarlar

Türkmenistanda pasha - Oraza baýramyndan bäş gün öň

16.04.2023 | 23:53 |
 Türkmenistanda pasha - Oraza baýramyndan bäş gün öň

16-njy aprel, ýekşenbe güni dünýäde, şol sanda Türkmenistanda prawoslaw dinine uýýanlar iň möhüm hristian baýramlarynyň biri bolan “Woskreseniýe Hristowo” (Isanyň direlmegi) ýa-da Pasha baýramyny bellediler.

Pasha mynasybetli çäreler Türkmenistanyň ähli prawoslaw ybadathanalarynda-da geçirildi. Maryda esasy dabaralar iýereý (ruhany) Dmitriý Kireýewiň ýolbaşçylygynda Pokrow Preswýatoý Bogorodisy (keramatly Bogorodisanyň atynjasy) ybadathanasynda geçdi.

1-1.jpg

— Pasha, elbetde, gaýtadan direlmek, ölümden ýaşaýşa geçmek temasydyr. Hristian däp-dessuryna görä, Isa Mesih haça çüýlenýär we adam günälerini ýuwmak üçin anna güni ölýär - diýip, ruhany Dmitriý Kireýew ORIENT bilen söhbetdeşlikde aýtdy, - Onuň tabydyna garawul goýulýar, ýöne ýekşenbe güni irden Merýem ýanyndaky aýallar bilen mazaryň ýanyna gelip, daşyň aýrylandygyny görýär, şol wagt olaryň gözüne perişde görünip, ol bu ýerde Isanyň jesediniň ýokdugyny habar berýär. Soňra Isanyň özi Merýeme görnüp, özüniň Atasynyň ýanyna göterilýändigini aýdýar. Şol gün bu dine uýýanlaryň arasynda Isa Mesihiň ýagty direlişi baradaky habar ýaýraýar.

2-1.jpg

Pasha baýramynyň senesi her ýyl üýtgeýär, ol gün we aý senenamalaryna baglydyr. Ýulian we Gregorian kalendarlarynyň arasyndaky tapawut sebäpli, prawoslaw we katolik pasha baýramlarynyň seneleri-de tapawutlanýar.

Baýramçylygyň möhüm düzümlerinden biri Pasha gullugydyr.

— Ybadathana Pasha baýramyna aýratyn ykjam taýýarlanýar, sebäbi bu günüň köpsanly myhmanlar üçin ýatdan çykmajak gün bolmagyny isleýäris - diýip, ruhany Dmitriý Kireýew sözüni dowam etdirýär: - Gije ýaryma golaý biziň ybadathanamyza ýörite ýörişe gatnaşmak üçin bäş ýüzden gowrak adam ýygnandy.

Ybadathananyň daşyndaky haç ýörişi mukaddes aýdymlaryň we jaň sesleriniň owazlaşmagynda geçirildi.

3 (1).jpeg

Soňra baýramçylyk çäreleri dowam etdi, gulluk wagtynda ruhany Dmitriý Kireýew “Hristos (Mesih) direldi!” diýip, doga-dileg edýänlere ýüzlenýär, oňa her gezek: “Hakykatdanam direldi!” diýip jogap berýärler.

Baýramyň aýrylmaz elementi gyzyl reňkdir. Bu gün gyzyl reňk haça çüýlenen Mesihiň ganyny şekillendirýän ruhanylaryň dabaraly eşiklerinde agdyklyk edýär.

Pasha dessurynda reňkli ýumurtga, kuliç (süýjülik) we pasha ýaşaýşyň, diriligiň nyşanydyr. Bu tagamlaryň hemmesi pasha däpleri we ynançlary bilen baglanyşykly.

4.JPEG

Bu ýyl Pasha Türkmenistanyň halkynyň 21-nji aprelde bellejek Oraza baýramyndan bäş gün öň bellenilýär. Bu hristian we musulman baýramçylyklarynyň ikisi-de bu dinlere uýýanlaryň dowamly agyz beklemesiniň tamamlanmagy bilen, dogan-garyndaşlaryny we dost-ýarlaryny bir supranyň başyna üýşürip belleýän mukaddes baýramydyr. Şeýle hem şol gün birek-birege milli tagamlar dadyrylýar, myhmançylyga barylýar.

Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň arasynda bu iki diniň wekilleri bolanlar üçin birek-biregi gutlamak we nahar alyşmak adaty bir ýagdaý: ýekşenbe güni hristianlar musulmanlara Pasha tagamlaryny we reňklenen ýumurtgalary dadyran bolsalar, anna güni musulmanlar hristian dost-ýarlaryna, tanyşlaryna Oraza baýramynyň nygmatlaryny hödürlärler.

Artur PETROSYANS

Foto: автора

Şeýle hem okaň: