Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň bejerilşiniñ usullary kämilleşdirilýär
08.07.2025 | 18:12 |Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasy 2–4-nji iýul aralygynda ýokanç däl keseller (ÝDK) boýunça subutnamalara esaslanýan lukmançylyk ýörelgelerine laýyklykda kliniki gollanmalary taýýarlamakda milli mümkinçilikleri güýçlendirmäge gönükdirilen onlaýn okuwyny gurady.
Üç günlük okuwa Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň 15 wekili gatnaşdy.
Okuwlar BMG-niň Aşgabatdaky binasynda wirtual görnüşde geçirildi we ýokanç däl keselleri bejermek boýunça kliniki protokollara, hil üpjünçiligine we usuly çemeleşmelere bagyşlandy. Bu bolsa subutnamalara esaslanýan durnukly saglygy goraýyş ulgamlarynyň binýadyny döretdi.
Bu okuw, Türkmenistanda ýokanç däl kesellere garşy göreşmek maksady bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (UNDP) arkaly derman serişdelerini we lukmançylyk harytlaryny satyn almak boýunça amala aşyrylýan taslamanyň bir bölegi bolup durýar.
ORIENT