Iň täze habarlar

Lebapda “IMPEROL” motor ýagynyň önümçiligine başladylar

07.07.2025 | 11:15 |
 Lebapda “IMPEROL” motor ýagynyň önümçiligine başladylar

“Asuda akym” hojalyk jemgyýeti “IMPEROL” söwda markasy bilen motor ýagynyň önümçiligini başlady. Kärhana Lebap welaýatynyň Dänew etrabynda ýerleşip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine girýär.

Zawodyň önümçilik kuwwaty ýylda 20 müň tonna golaý motor we çalynýan ýaglaryň çykarylmagyna niýetlenendir. Görnüşleriň hili 25 dürli önümi öz içine alýar, olaryň arasynda ýarym sintetika we sintetika ýaglary hem bar. Taýýar önümler 1, 5, 20 we 205 litr möçberindäki gaplara guýulýar. Bu ýerde plastik gaplaryň önümçiligi hem gurnalan.

1

Çig-mal hökmünde Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümleri ulanylýar. Bu bolsa nyrhlary elýeterli derejede saklamaga hem-de içerki bazary ýokary hilli ýerli ýaglar bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Kärhanada 150 işgär zähmet çekýär. Önümçilik işinde ABŞ-nyň, Türkiýäniň we Ýewropa ýurtlarynyň enjamlary ulanylýar.

“IMPEROL” we “Şir ýag” kysymly önümler ýerli bazarda ýerlenilýär we goňşy ýurtlara hem eksport edilýär. Ýaglar halkara standartlara laýyk gelip, awtoulag, oba hojalyk we senagat tehnikasy ýaly pudaklarda ulanylýar.

ORIENT

Foto: turkmenmetbugat.gov.tm

Şeýle hem okaň: