Iň täze habarlar

Türkmenistanly talyplar we mekdep okuwçylar Taganrogda geçirilen “Çehow kubogy” atly Ählirussiýa forumyna gatnaşdylar

08.07.2025 | 13:15 |
 Türkmenistanly talyplar we mekdep okuwçylar Taganrogda geçirilen “Çehow kubogy” atly Ählirussiýa forumyna gatnaşdylar

Türkmenistanly talyplar we ýokary synp mekdep okuwçylary Taganrogda geçirilen “Çehow kubogy” atly XXIII Ählirussiýa forumynyň gatnaşyjysy boldylar. Forum dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen 124 sany okuwçyny we talyby birleşdirip, olara köpçüligiň öňünde çykyş etmek, diýenleriňi subut etmek we çekişmeleri geçirmek boýunça zerur bolan endikleri ösdürmek üçin meýdançany hödürledi.

Çäre Taganrogyň çäkleýin saýlaw toparynyň goldawy bilen “Global-NPD” guramasynyň we “Logowo” IT-kompaniýasynyň ýardam bermeginde Günorta federal uniwersitetiniň Dolandyryş institutynyň binýadynda geçirildi.

Foruma gatnaşanlaryň arasynda Hytaýyň, Merkezi Afrika Respubliaksynyň, Russiýanyň, Kolumbiýanyň we Nigeriýanyň talyplary bolup, olar Karl Popper çekişmeleri, Bütindünýä mekdep çekişmeleri hem-de Britan parlament çekişmeleri ýaly formatlarda ýaryşdylar. Maslahatlaşmalar rus, iňlis we hytaý dillerinde alnyp baryldy. Forumyň çäklerinde dilewarlyk sungaty boýunça bäsleşik hem geçirildi.

Türkmenistanly toparlar maksatnama işjeň goşulşdylar, ussatlyk sapaklaryna, çekişme sessiýalaryna hem-de medeni maksatnama hem gatnaşdylar. Möhüm çäreleriň biri hem “Sambek belentlikleri” ýadygärlikler toplumyna baryp görülmegi boldy.

Forum ýeňijilere we gatnaşyjylara sowgat gowşurmak dabarasy bilen tamamlandy.

ORIENT

Foto: taganrogprav.ru

Şeýle hem okaň: