Türkmenistanyň Prezidenti Tehasda bolup geçen suw joşgunlary zerarly ABŞ-a gynanç bildirdi
08.07.2025 | 02:10 |Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa ýurduň Tehas ştatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlary zerarly gynanç hatyny iberdi.
Güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen tebigy betbagtçylyk köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirdi.
Türkmenistanyň Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi. Şeýle hem ähli ejir çekenlere tiz wagtda sagalmaklary arzuw etdi.
ABŞ-nyň Tehas ştatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlary zerarly adam pidalaryň sany 89-a ýetdi, onlarça adam dereksiz ýitdi diýip, “CBS” teleýaýlymy habar berýär. “CNN” teleýaýlymynyň berýän maglumatlaryna görä, sebitiň ýarym milliondan gowrak ilaty suw joşgunlarynyň howpy astyndadyr. Prezident Donald Tramp ýekşenbe güni tebigy betbagtçylyk sebäpli Kerr sebitinde adatdan daşary ýagdaýynyň girizilendigini mälim etdi.
ORIENT