Iň täze habarlar

Türkmeniň milli äheňi Germaniýada: Şasenem Garlyýewanyň iş üstünliginiň taryhy

31.05.2023 | 15:20 |
 Türkmeniň milli äheňi Germaniýada: Şasenem Garlyýewanyň iş üstünliginiň taryhy

Şasenem Garlyýewa — hakyky iş zenany. Ol Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda işewür we medeni gatnaşyklaryň pugtalanmagyna ýardam edýän birbada iki kompaniýany dolandyrýar.

Şasenemiň tagallalary bilen bu gün nemes öýlerini düýe ýüňünden edilen türkmen dokma önümleri bezeýär. Basym ol hususy çörek-bulka bişiriji sehini açar, ol türkmenistanlylary tagamly nemes baumkuhenleri – Germaniýa üçin däp bolan bişirmäniň aýratyn görnüşi bilen begendirer.

Baumkuhen barada arzuw

Şasenem golaýda gelen baumkuheni bişiriji enjama buýsanç bilen seredýär. «Indi bolsa bize tejribe, tejribe we ýene-de bir gezek tejribe garaşýar» – diýip, gujurly telekeçi ýylgyrýar.

Aşgabatdaky LaTartine kafesiniň dolandyryjysy bu barada dört ýyllap arzuw edipdi. Onuň Gannowerde baumkuheni ilkinji gezek dadyp gören pursatyndan bäri şonça wagt geçdi. Şonda ol haçanam bolsa bir gün ony öz çörek-bulka we konditer sehinde bişirmegi ýüregine düwüpdi.

Şasenem däp bolup gelýän baumkuheni döretmegiň çylşyrymly we gymmata düşýän işdigini aýdýar. Bir sagadyň dowamynda hamyr seresaplylyk bilen şampura geýdirilýär we 20 gat edilýär. Bu uly sabyr-kanagaty we ussatlygy talap edýär. Şasenem bolsa özüniň bu häsiýetlere eýedigini bireýýäm subut etdi.

Germaniýada menejerleri taýýarlamak boýunça ýörite maksatnama boýunça okaýan wagty ol baumkuhenleri bişirmek üçin enjam öndürijini tapdy we Gamburgdaky ulag kompaniýasynyň üsti bilen onuň eltilip berilmegini sargady. COVID-19 pandemiýasynyň başlanmagy sebäpli prosess uzaga çekdi we ol diňe golaýda öz enjamyny aldy. «Haçanda men özümiň ilkinji baumkuhenimi satanymda, men nemes festiwalyny geçirerin», — diýip, Şasenem paýlaşýar. Ol şeýle hem oňa Germaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň wekillerini çagyrmak isleýär.

Ýewropada düýe ýüňünden dokma önümleri

Okaýan wagtynda Şasenem Germaniýany öz ýurdy we onuň medeni däpleri bilen tanyşdyrmak isledi. Ol Maýn boýundaky Frankfurtda geçirilen ýarmarka gatnaşdy we ol ýerde türkmen ussatlarynyň işlerini görkezdi. «Men biziň däp-dessurlarymyzyň nähili köp taraplydygyny görkezmek isledim», — diýip, telekeçi zenan gürrüň berdi.

Ilkibaşda bu ýönekeý hobbi boldy, soňra biznese öwrüldi. Ýarmarkada ol bir maslahat beriji bilen tanyşýar, ol onuň düýe ýüňünden edilen ekologiki öý dokma önümini satmak boýunça pikirini goldaýar we oňa dizaýny döretmäge kömek edýär.

«Germaniýada we Türkmenistanda mebelleşdirmegiň trendleri güýçli tapawutlanýar. Bizde Türkmenistanda ähli täze we döwrebap zatlar modada bolýar. Germaniýada bolsa tebigy önümlerden ýasalan zatlar modada. Men muny Germaniýada bolan wagtym bildim», — diýip, Şasenem gürrüň berdi. Bu ony Iner Unique Camel Wool brendini döretmäge ruhlandyrdy. Ol brend boýunça Şasenem ýoň bolan tebigy reňklerdäki öý dokma önümlerini hödürleýär, olary B2B ulgamy boýunça daşary ýurtlarda satýar.

Önüm Türkmenistanda elde boýalan ýüňden ony gadymdan gelýän usulda elde dokma stanogynda (tarada) dokamak arkaly taýýarlanylýar. Ony Şasenemiň Türkmenistan boýunça köpsanly iş saparlarynyň barşynda tanşan senetçi-zenanlary döredýärler. Bölekleýin ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýän Ethical Fashion Initiative (EFI) taslamasynyň çäklerinde ol «Kerweniň syýahaty» ady bilen – Ýüpek ýolunyň däplerine hormat hökmünde özüniň ilkinji ýygyndysyny çykardy. Ol olary iki sergide — Milanda we Parižde üstünlikli görkezdi.

Maşgala işewürligi

Golaýda Şasenemiň kompaniýasy Aşgabatda özüniň görkeziliş zalyny açdy, ol ýerde ähli isleg bildirýänler onuň önümlerini görüp we satyn alyp bilýärler. «Kem-kemden bu ýerde hem tebigy önümlerden mebelleşdirmek moda bolup barýar» — diýip, Şasenem belledi.

Telekeçi zenana onuň bilen bir toparda işleýän gyzy kömekleşýär. Ol kommunikasiýa we marketing üçin jogapkär, ol şeýle hem kompaniýanyň saýtyny we Instagram-daky profilini döretdi. «Eger-de geljekde şeýle usulda türkmen medeniýetiniň bir bölegini Germaniýa we Ýewropa girizip bilsem, men bagtly bolaryn», — diýip, Şasenem öz alyp barýan işine buýsanmak bilen aýtdy.

ORIENT

Foto: Şasenem Garlyýewa tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: