Iň täze habarlar

Türkiýedäki festiwalda Türkmenistanyň güni bellendi

06.09.2023 | 20:32 |
 Türkiýedäki festiwalda Türkmenistanyň güni bellendi

Ankara şäherinde 1 - 10-njy sentýabr aralygynda şu ýyl 25-nji gezek geçirilýän Türki halklaryň medeniýetiniň we sungatynyň halkara Anatoliýa festiwalynyň çäklerinde Türkmenistanyň güni bellendi. Türki döwletleriň diplomatik wekilhanalary tarapyndan guralan festiwalyň 5-nji güni türkmen medeniýetine we sungatyna bagyşlandy. Bu barada ýurdumyzyň Türkiýedäki ilçihanasy habar berýär.

Festiwalyň çäklerinde bellenen Türkmenistanyň gününde halkymyzyň gadymy we häzirki zaman medeniýeti barada çäreler guraldy. Oňa türk paýtagtynyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň 20 müňden gowragy geldi. Bu ýerde guralan Türkmenistanyň sergi pawilýonynda dürli el işleri we senetçilik işleri görkezildi. Nepis türkmen halylary bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamamedowyň eserlerine hem giň orun berildi.

Bu ýerde guralan ak öýde türkmeniň milli tagamlary hödür edildi. Uly konsert sahnasynda estrada aýdymçysy Begenç Öräýew aýdym-sazly çykyşlary bilen bu ýere gelýänlere şatlyk paýlady. Festiwalyň 5-nji gününde - Türkmenistanyň gününde geçirilen medeni çäreler göni ýaýlymda "Etimesğut" teleýaýlymynda hem görkezildi.

ORIENT news

Foto: Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy

Şeýle hem okaň: