Iň täze habarlar

Türkmen ilçisi Sinandali festiwalynyň guramaçylary we oňa gatnaşýan türkmenistanly sazandalar bilen duşuşdy

06.09.2023 | 18:08 |
 Türkmen ilçisi Sinandali festiwalynyň guramaçylary we oňa gatnaşýan türkmenistanly sazandalar bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýtmämmedow 31-nji awgustdan 10-njy sentýabr aralygynda geçiriljek 5-nji Sinandali klassiki aýdym-saz festiwalynyň guramaçylary we oňa gatnaşyjy türkmen sazandalary bilen bilen duşuşdy.

1 (19).jpg

Festiwal dünýäniň dürli künjeklerinden Sinandali şäherine iň uly ýerine ýetirijileri, dirižorlary, kompozitorlary, şeýle hem klassiki aýdym-saz söýüjileri özüne çekýär. Oňa Azerbaýjan, Ermenistan, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Gruziýa, Ysraýyl, Gazagystan, Türkiýe, Ukraina we Türkmenistan ýaly ýurtlardan sazandalar gatnaşýarlar.

2 (21).jpg

Festiwalyň açylyşy Pan-Kawkaz ýaşlar orkestriniň çäginde ýurda wekilçilik edýän türkmen sazandalarynyň çykyşy bilen başlandy. https://orient.tm/ru/post/59202/muzykalnye-laboratorii-festivalya-cinandali-2023-vzglyad-iznutri

3 (16).jpg

Duşuşykda ilçi guramaçylara, ýurtlary we halklary birleşdirýän zehinlileriň forumynyň geçirilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Diplomat häzirkizaman türkmen-gruzin döwletara gepleşikleriniň aýrylmaz bir böleginiň medeni we ynsanperwer ugurdygyny, bu ýerde iki ýurduň bilelikde işlemeginiň we döredijilik hyzmatdaşlygynyň ajaýyp däpleriniň bardygyny aýtdy.

4 (10).JPG

Şular ýaly çäreleri geçirmek biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni gatnaşyklary berkitmäge hyzmat edýär, şeýle hem ýaş sazandalara aýdym-saz dünýäsini öwrenmek we aýdym-saz bilimini ösdürmek üçin ajaýyp mümkinçilikler döredýär, diýip ilçi belledi.

5 (6).JPG

ORIENT news

Foto: Gruziýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: