Änew şäheriniň "Türki dünýäniň medeni paýtagty" diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere taýýarlyk görülýär
16.12.2023 | 10:53 |Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy hem-de degişli guramaçylyk topary döredildi. Bu barada wise-premýer Mährijemal Mämmedowa anna güni geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde hasabat berdi.
Şol resminama laýyklykda, halkara ylmy maslahaty, halkara ýaşlar forumyny, halkara festiwallary, maslahatlary, sergileri, halkara kinofestiwaly, Änew şäheriniň “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasyny, TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisini we başga-da köp sanly çäreleri guramak meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öňde boljak çärelere ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyryp, olaryň ýurdumyzyň adamzat medeniýetiniň ilkinji taryhy mekanlarynyň biridigini giňden açyp görkezmelidigini belledi.
Ozal habar berşimiz ýaly, ýakyn günlerde Gadymy Änew şäheriniň "Türki dünýäniň medeni paýtagty" diýlip yglan edilmegi bilen bagly göçme kubogy gowşurmak dabarasy geçiriler.
ORIENT news