Iň täze habarlar

Ýaş türkmen fortepianoçysy halkara sazçylyk bäsleşiginiň ýene-de ýeňiji boldy

21.12.2023 | 11:23 |
 Ýaş türkmen fortepianoçysy halkara sazçylyk bäsleşiginiň ýene-de ýeňiji boldy

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Leýli Garýagdyýewa “Garmoniýa” atly 8-nji halkara sungat bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.

Leýli “Saz gurallarynda çalmak, fortepiano” ugry boýunça çykyş edip, 3-nji derejeli diploma eýe boldy. Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen bäsleşige Leýli sanly ulgam arkaly gatnaşyp, onda Sergeý Rahmaninowyň ajaýyň sazyny ýerine ýetirdi.

Bu sylag Leýliniň ýeketäk üstünligi däldir. Ol oktýabr aýynda Sankt-Peterburgda “Sazly marafon” atly çagalar sazçylyk we sungat mekdeplerinde okaýan çagalaryň arasynda geçirilen 9-njy Bütinrus bäsleşiginde hem ýeňiş gazanypdy.

ORIENT news

Foto: Leýli Garýagdyýewadan alyndy

Şeýle hem okaň: