Iň täze habarlar

Daşary ýurtlaryň meşhur aýdymçylary Aşgabatda Täze ýyl konsertleri bilen çykyş ederler

21.12.2023 | 13:41 |
 Daşary ýurtlaryň meşhur aýdymçylary Aşgabatda Täze ýyl konsertleri bilen çykyş ederler

Täze ýylyň öňüsyrasynda daşary ýurtlaryň meşhur aýdymçylary Aşgabatda geçiriljek konsertlerde çykyş ederler.

24-nji dekabrda asly türkmen bolan eýranly aýdymçy Emin Rasen Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň öňünde konsert berer. Ol “Unut”, “Bildim”, “Bilgiler” ýaly aýdymlary bilen has meşhurdyr. Onuň konserti paýtagtyň Gyşky sport oýunlary toplumynda sagat 18:00-da başlanýar.

25-nji dekabrda türk aýdymçylary Burak Bulut, Kurtuluş Kuş.

26-njy dekabrda “Nýuşa” ady bilen tanalýan rus aýdymçysy Anna Şuroçkina konsert bererler, rus estrada aýdymçysy we kompozitory Olga Şulgaýts konsert bererler.

Daşary ýurtlaryň bu aýdymçylary hem paýtagtyň Gyşky sport oýunlary toplumynda çykyş ederler.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: (+993 12) 21-26-58, 21-26-74, 21-26-71, 21-28-41.

ORIENT news

Foto: izmirmag.net

Şeýle hem okaň: