Iň täze habarlar

Suratly görnüşler: Tokioda “Wan Gog diri” sergisi

15.01.2024 | 00:38 |
 Suratly görnüşler: Tokioda “Wan Gog diri” sergisi

6-njy ýanwar – 31-nji mart aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda “Wan Gog diri” atly çuňlaşdyrylan sergi geçirilýär. Bu sergi mundan ozal hem 99 şäherde geçirilip, 9 milliondan gowrak adamy özüne çekdi. Şeýlelikde, Ýaponiýanyň paýtagty bu çäräni geçiren 100-nji şäher boldy. Wan Gogyň sergisi 2022-nji ýylda Ýaponiýanyň Nagoýa, we 2023-nji ýylda Kobe şäherlerinde geçirilipdi.

1 (1).jpg

Başgaça “Van Gogh Alive” diýlip atlandyrylýan sergide meşhur suratkeşiň suratlary dürli öwüşginde bu ýere gelýänlere hödürlenýär. Bu eserleri gören tomaşaçylar suratkeşiň ýaşan Gollandiýa, Pariž, Arl, Sen-Remi we Ower-sýur-Uaz ýaly ýerlerine syýahat edýärler.

2 (2).jpg

Täze tehnologiýalaryň köpöwüşginli herektli şekilleri görkezmegi, bu şekilleriň saz bilen utgaşmagy bu ýere gelýänlere ýöremezden her bir suratyň islendik ýerini kynçylyksyz synlamaga mümkinçilik berýär. Wan Gogyň döwrebap görnüşe geçirilen suratlary özüňi irki fransuz obasynda ýaly duýmaga mümkinçilik berýär.

ORIENT news

Foto: tokyoartbeat.com

Şeýle hem okaň: