Iň täze habarlar

Türkmenistanda "Gorkut ata" halkara kinofestiwaly geçiriler

20.01.2024 | 12:17 |
 Türkmenistanda "Gorkut ata" halkara kinofestiwaly geçiriler

Şu ýylyň noýabrynda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly guramak meýilleşdirilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi boýunça orunbasary Mährijemal Mämmedowa anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde mälim etdi.

Şeýle hem daşary ýurtlaryň teleýaýlymlarynda görkezmek üçin ýurdumyzda geçiriljek, amala aşyrylýan syýasaty we Türkmenistanda gazanylýan üstünlikleri beýan edýän möhüm wakalara bagyşlanan dürli telegepleşikler taýýarlanylar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere, Arkadag şäherinde guraljak Medeniýet hepdeligine gowy taýýarlyk görmegi wise-premýere tabşyrdy.

ORIENT news

Foto: pixabay.com

Şeýle hem okaň: