Koreýa Respublikasynyñ Türkmenistandaky Ilçihanasy Milli thekwondo merkezine ýörite egin-eşikleri gowşurdy
18.09.2024 | 18:30 |18-nji sentýabrda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjiginiñ Ýeñil atletika boýunça ýapyk toplumynda Koreýa Respublikasynyñ Ilçihanasynyñ adyndan Türkmenistanyñ Milli thekwondo merkezine bu başa-baş söweş sungaty bilen meşgullanmak üçin ýörite egin-eşikleriñ gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Ilçihana thekwondo üçin niýetlenen 180-den gowrak egin-eşikleri, ýagny kimono (dobok), şlemleri, döşlükleri, el we aýak üçin goraýjy esbaplary, ellikleri sowgat berdi.
Koreýa Respublikasynyñ Medeniýet, sport we syýahatçylyk ministrligi hem-de Thekwondo ösüşine goldaw bermegiñ Gaznasy gowşurylyşyñ hemaýatkärleri hökmünde çykyş etdiler.
Koreýa Respublikasynyñ Ilçisi Ji Kýu-Thek dabaranyñ dowamynda Türkmenistanda mundan beýläk hem thekwondo sportuny wagyz etmekde we onuñ ýaýbaňlandyrylmagyna ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Milli thekwondo merkeziniñ müdiri Bäşim Rozyýew öz gezeginde bildirilen gyzyklanma we goldaw üçin Koreýa Respublikasynyñ Ilçihanasyna minnetdarlygyny bildirdi.
Bu çäre Türkmenistanda thekwondo mekdebine goldaw bermekde koreý tarapynyñ ilkinji çäresi däldir. Diplomatik wekilhanasynda bellenilişi ýaly, 2010-njy ýyldan bäri Türkmenistanda Koreýa Respublikasynyñ Ilçisiniñ kubogyny almak üçin ýylsaýyn thekwondo boýunça ýaryşlar geçirilýär. Şu ýyl Ilçiniñ kubogyny almak üçin thekwondo ýaryşlaryna (24-25-nji awgust) 180-den gowrak türgen gatnaşdy.
ORIENT news