GPD MicroPC 2: Sensor ekranyny aýlap bolýan täzelenen jübi kompýuteri
14.06.2025 | 18:49 |GPD kompaniýasy MicroPC 2 — 2019-njy ýylda çykarylan modeliniñ ýerini tutýan göterilýän kompýuteriniň ikinji neslini hödürledi. Täze model öz gurluşynda ep-esli üýtgeşiklik bolmasa-da, tehniki taýdan düýpli güýçlendirilipdir: ol has çeýe boldy we aýlanýan sensorly ekran bilen enjamlaşdyryldy.
GPD MicroPC 2 indi 7 dýuýmlyk Full HD ekrana eýe (öňki modelde 6 dýuýmlyk HD ekran bardy). Displeýiñ daşyndaky çarçuwalar inçeldildi, bu hem umumy ölçegleriň ulalmagyny iň pes derejede saklamaga mümkinçilik berdi. Mundan başga-da, ýatkeşlik mukdary ep-esli artdyryldy, has güýçli Intel prosessory ýerleşdirildi, batareýanyň göwrümi az-owlak ýokarlandyryldy, şeýle hem simli we simsiz interfeýsleriň toplumy giňeldildi.
ORIENT