MA ýurtlarynda “Si Szinpiniň gowy görýän ganatly sözleri” teletaslamasynyñ halkara goýberilişi görkeziler
13.06.2025 | 18:30 |Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň iň iri köpçülikleýin habar beriş serişdeleri 16-njy iýunda Hytaýyň Media Korporasiýasynyň taýýarlan “Si Szinpiniň gowy görýän ganatly sözleri” atly teletaslamasyny (halkara goýberilişi) görkezmäge başlar. Bu taslama Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň Gazagystanda geçiriljek ikinji “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmagy mynasybetli görkezilýär.
“Si Szinpiniň gowy görýän ganatly sözleri” atly taslama bu Hytaýyñ ýolbaşçysy Si Szinpiniň özüniñ çykyşlarynda, makalalarynda we söhbetdeşliklerinde gadymy hytaý şygyrýetinden we proza eserlerinden saýlap ulanan meşhur sitatalardan ybarat bolan gepleşikdir.
Bu ganatly sözler halkara hyzmatdaşlygy, ylmy-tehnologiki ösüş, medeni täzelikler ýaly temalara degişli bolup, tomaşaçylary Si Szinpiniň döwlet dolandyryşy baradaky pikirleriniň taryhy we medeni esaslary bilen tanyşdyrmaga, şeýle hem hytaý stilindäki döwrebaplaşdyrmagyň dürli ugurlaryny görkezmäge gönükdirilendir.
Teletaslama Gazagystanyň halkara teleýaýlymy “Silk Way”, “Habar” teleýaýlymy, “Atameken Business” teleýaýlymy, “Delowoy Kazakhstan” neşiriniň saýty, Gyrgyz Respublikasynyň Milli telewideniýe we radio korporasiýasy, Täjigistan Respublikasynyň döwlet habarlar we köpçülikleýin teleýaýlymy “Jahonnamo”, Täjigistanyň Milli habar agentliginiň “Howar” saýty, "Türkmenistan" täzelikler portaly, Özbegistanyň “Yoshlar” teleýaýlymy we Merkezi Aziýanyň beýleki media platformalary görkezjekdir.
ORIENT