WindRunner: Radia dünýäniň iň uly ýük uçaryny döretmek üçin hyzmatdaşlary çekýär
14.06.2025 | 18:10 |Radia kompaniýasy WindRunner taslamasyny işjeň ösdürýär — bu taslama örän uly möçberli ýükleri daşamak üçin niýetlenen özboluşly ägirt uly uçar bilen baglanyşyklydyr. Parižiň awia sergisiniň öň ýanynda, Radia Ispaniýadan, Braziliýadan, Beýik Britaniýadan we ABŞ-dan bäş sany täze senagat hyzmatdaşlary bilen şertnama baglaşdy, bu bolsa uçaryň çykarylmagyna ýene bir ädim golaýlaşdyryldy.
WindRunner göwrümi (takmynan 8 müň kub metr) we ýük göterijiligi (70 tonnadan ýokary) boýunça dünýäde rekord goýjak. Uçaryň esasy aýratynlyklarynyň biri — takmynan 2 kilometrlik taýynlanmadyk toprakly uçuş-gonuş zolagyna gonup bilmegi bolup durýar. Bu bolsa ony barmasy kyn bolan sebitlere hem ýük ýetirmekde örän peýdaly edýär. Täze hyzmatdaşlaryň arasynda:
• Aciturri – guýruk bölegi,
• Akaer – kabinanyň gurluşy,
• Astronautics – dolandyryş ulgamy,
• Element – ýangyç ulgamy çözgütleri,
• Ingenium – göteriji güýjüni üpjün edýän ulgamlar.
Radia diňe bir uçar döretmän, eýsem uly möçberli ýük daşamalaryñ düzgünlerini üýtgedip biljek logistik ekoulgamyny hem kemala getirýär. WindRunner energetika, kosmos, harby we gyssagly halas ediş hyzmatlary üçin ägirt uly enjamlary göni bellenen ýere — aerodrom gurmak zerurlygyny aradan aýryp — daşamakda örän peýdaly bolar.
ORIENT