Iň täze habarlar

Hytaý alymlary mikroshemalary taslamak üçin QiMeng atly AI ulgamyny döretdiler

14.06.2025 | 18:00 |
 Hytaý alymlary mikroshemalary taslamak üçin QiMeng atly AI ulgamyny döretdiler

Hytaý Ylymlar akademiýasynyň inženerleri we bilermenleri QiMeng atly dünýäde ilkinji emeli añ esasly mikroshema taslama ulgamyny işläp taýýarladylar we synagdan geçirdiler.

Adaty ýagdaýda çip döretmek çylşyrymly, uzak wagt talap edýän we gymmat proses bolup, irnäçe ýokary derejeli hünärmenleriň tagallalaryny talap edýär. Hytaý alymlarynyň maksady taslamanyň netijeliligini ýokarlandyrmak we uly dil modelleriniň (LLM) kömegi bilen dar ugurly çipleri döretmek boldy. Bu taslama şeýle hem Hytaýyň ýarymgeçiriji önümçiligindäki ornuny güýçlendirýär we günbatar tehnologiýalaryna bolan garaşlylygyny azaldýar.

QiMeng ulgamy ýöriteleşdirilen prosessor modelini, dizaýn agentini we gurallar toplumyny öz içine alýar. Ol tehniki resminamalaryň esasynda öwrenilýär. Alymlar QiMeng ulgamynyň eýýäm Intel 486 we ARM Cortex-A53 ýaly köne modeller bilen deňeşdirip boljak işläp bilýän gurluşlary döretmäge ukyplydygyny görkezdiler. Işläp taýýarlaýjylar mundan beýläk-de öwrenişleriň netijesinde onuň has bäsdeşlige ukyply çipleri has çalt we arzan öndürip biljekdigine ynanýarlar.

ORIENT

Foto: Dreamstime

Şeýle hem okaň: