Iň täze habarlar

MA-nyň ýaşlarynyň II duşuşygyna gatnaşyjylaryň Ýüzlenmesi BMG-niň resminamasy hökmünde alty dilde çap edildi

14.06.2025 | 15:25 |
 MA-nyň ýaşlarynyň II duşuşygyna gatnaşyjylaryň Ýüzlenmesi BMG-niň resminamasy hökmünde alty dilde çap edildi

Şu ýylyň 16-njy aprelinde BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň ikinji duşuşygyna gatnaşyjylaryň Ýüzlenmesi Baş Assambleýanyň we Howpsuzlyk Geňeşiniň resminamasy hökmünde A/79/894–S/2025/255 belgisi bilen alty dilde çap edildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi web sahypasy habar berýär.

Ýüzlenmede gatnaşyjylar ilatynyň ep-esli böleginiň 30 ýaşa ýetmedik ýaşlardan ybaratdygy bilen baglanyşykly Merkezi Aziýadaky demografiki diwidendi belläp geçýärler. Şu nukdaýnazardan gatnaşyjylar ýaşlaryň mümkinçiliklerini durnukly ösüşe, ekologiýa hyzmatdaşlygyna we suw serişdeleriniň rejeli peýdalanmagyna goşant goşmaga çagyrýandyklaryny bellediler.

Ýüzlenmede 2025-nji ýylyň Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde yglan edilmeginiň möhümdigi we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň sebitiň durnuklylygyna goşandy aýratyn bellenilýär. Ýaşlar ýaşyl ösüş, sanly diplomatiýa, jemgyýetçilik başlangyçlary bilen işjeň gatnaşmaga we 2025-nji ýylyň awgustynda Awazada geçiriljek forumda çykyş etmäge taýýardyklaryny nygtadylar.

Duşuşyk BMG-niň EKOSOS ýaşlar forumynyň çäklerinde geçirildi we BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2250 belgili "Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk" kararnamasynyň kabul edilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlandy. Forum "Parahatçylyk we ynanyşmak üçin ýaşlaryň sesleri" diýen şygar astynda guralyp, 43 ýurduň wekilýetleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň ikinji duşuşygyna gatnaşyjylaryň Ýüzlenmesi BMG-niň resminamasy hökmünde neşir edilmegi Türkmenistanyň döredijilikli halkara başlangyçlarynyň iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

ORIENT

Foto: turkmenmetbugat.gov.tm

Şeýle hem okaň: