Türkmenistanyň zenanlar we erkekler ýygyndy toparlary Bütindünýä küşt olipmiadasynda kiçi altyn medallara mynasyp boldular
23.09.2024 | 00:31 |Budapeştde (Wengriýada) tamamlanan 45-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynda Türkmenistanyň aýal we erkek milli ýygyndy topary öz kategoriýalarynda ýeňiji boldular. Erkek türgenler 22 mümkin bolan utukdan 15 utuk bilen “B” kategoriýasynda, aýal türgenler bolsa 14 utuk bilen “C” kategoriýasynda ýeňdiler.
Umumy ýaryş hasaplamalaryndan başga-da 200 topar topar agzalarynyň ortaça reýtingine görä bäş kategoriýa bölünen. Umumy hasaplamada ikisi hem 73 belgide çykyş edýän türkmen toparlary degişli “B” we “C” kategoriýalaryna düşdi.
Umumy ýaryş hasaplamada erkek-oglanlar gatnaşýan 188 toparlaryň arasynda 24-nji ýere mynasyp boldular, aýal-gyzlar bolsa 169 toparyň içinde 32-nji ýere eýe boldular. Bu netijeler bütindünýä küşt olimpiadalaryna gatnaşmak taryhynda milli toparymyzyň görkezen iň ýokary netijesidir.
Erkek-oglanlaryň topary Eýran, Wýetnam, Bolgariýa, Gazagystan, Şwesiýa, Awstriýa ýaly tanymal küşt ýygyndy toparlaryndan öňe geçmegi başardy. Ýaş gyzlarymyz bolsa Italiýa, Awstraliýa, Eýran, Çehiýa, Sloweniýa, Belgiýa, Norwegiýa ýaly ýygyndy toparlaryndan üstün çykmagy başardy.
Ýygyndy toparlaryň tälimçileri munuň ýaly ýokary üstünligi erkek-oglanlaryň hem aýal-gyzlarynyň arasyndaky agzybir topar ruhy bilen baglanyşdyrýarlar. “Möhüm pursatlarda toparyň her bir oýunçysy oýnuny soňuna çenli ýetirip, mümkinçilikleri iň ýokary derejede ulanmaga çalyşdy” – diýip, wekiliýetiň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň küşt federasiýasynyň Baş sekretary Mergen Kakabaýew belleýär.
Halkara ussat türgeni Saparmyrat Atabaýew (1-nji tagta), tejribeli halkara grossmeýster Meýlis Annaberdiýew, Olimpiada ilkinji gezek gatnaşýan türgenler Amanmuhammet Hommadow (3-nji tagta), Allaýar Şirliýew (4-nji tagta), Wepaly Halynyýazow (5-nji tagta) ýaly türgenler Türkmenistanyň abraýyny goradylar.
Aýal-gyzlaryň arasynda diňe 18 ýaşly Lala Şohradowanyň (1-nji tagta) olipmiadalara gatnaşmak tejribesi bardy. Muňa garamazdan, toparyň beýleki agzalary Merýem Agajanowa 92-nji tagta), Leýla Şöhradowa (3-nji tagta), Jahan Rejepowa (4-nji tagta) we Eneş Arazmedowa (5-nji ätiýaç tagta) ähli tagallalaryny edip, ýokary ruhy häsiýetlerini we gujurlylygyny görkezmegi başardylar.
Soňky 11-nji tapgyrda 1,5:1,5 deň hasapda Yzraýyla (seçmek belgisi - 20) garşy erkek toparynyň ýaryşynda hem, Horwatiýa (seçmek belgisi - 40) garşy aýal toparynyň ýaryşynda hem Allaýar Şirliýewiň we 14 ýaşly Jahan Rejepowanyň partiýalarynda kiçi altyn medalyň ykbaly çözüldi. Allaýar Olimpiada-2010-yň bürünç ýeňijisi grossmeýster Ilýa Smirine garşy, 1915 reýtingli Jahan bolsa 2134 reýtingli FIDE ussady bolan Horwatiýaly Patrisiýa Wuýnowiçe garşy oýnadylar. Göreşiň deň ýagdaýda alnyp barylmagyna hem-de deň oyun netijesiniň mümkinçiligine garamazdan, biziň “göreşçilerimiz” muňa razy bolman has tejribeli garşydaşlaryny ýeňmegi başaryp, öz kategoriýalarynda toparyň birinji ýere eýe bolmagyny üpjün etdi.
Ähli ýaryşyň dowamynda erkek ýygyndy toparynyň tälimçisi Serdar Annaberdiýew, aýal ýygyndy toparynyň tälimçisi Şahruh Turaýew hem-de wekiliýetiň ýolbaşçysy FIDE ussady Mergen Kakabaýew türgenler bilen irginsiz iş alyp bardylar. Olar her oýunçyny aýratynlykda her oýnuň öňünden her garşydaşyň ilkinji çykyş etmeginiň usullaryny we oýun stilini öwretmek bilen hem teoretiki, hem psihologiki taýdan toplumlaýyn taýýarladylar. Ýaryşyň möhüm pursatlararynda tanymal garşydaşlary bilen geçiriljek aýgytly duşuşyklarynyň öňünde ýaş türgenleriň ynamlylygyny artdyrmak üçin ýokary hünär tejribeli psiholog hem çagyryldy.
Iki bölümçe boýunça Hindistanyň ýygyndysy ýeňiji bolup, ol erkekleriň arasyndaky ýaryşlarda ABŞ-nyň toparyny hem-de öňki olipmiýa çempionlary bolan, bu gezek bolsa 2-nji we 3-nji ýere mynasyp bolan Özbegistanyň toparyny geçmegi başardy. Aýal-gyzlaryň arasynda bolsa Gazagystanyň (2-nji ýer) we ABŞ-nyň (3-nji ýer) toparlary ýeňijiler münberine çykdylar.
ORIENT news