Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: nah ýüplügi ýerlenildi

25.04.2025 | 10:00 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: nah ýüplügi ýerlenildi

24-nji aprelde, penşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda ýeňil senagatyň önümleri ýerlenildi.

Gyrgyzystanyň telekeçileri Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen nah ýüplügini satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 466 400 ABŞ dollaryna barabar bolan 1 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: