TDHÇMB-da söwdalaşyklar: geçen hepde 14 geleşik baglaşyldy
28.04.2025 | 11:15 |Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda 14 geleşik hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirlikleriň, Türkiýäniň, Owganystanyň we Özbegistanyň telekeçileri nebit-himiýa önümlerini, hususan-da, nebit koksyny, nebit ýol bitumyny, esas ýagyny (“Türkmennebit” DK), şeýle hem “Türkmenhimiýa” we “Türkmengaz” Döwlet konsernleriň tehnologik desgalarynda işlenilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna nah ýüplügi ýerlenildi. Satyn alyjy-ýurtlar: Türkiýe, Gyrgyzystan. Geleşikleriň umumy bahasy 5 mln 710 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.
Içerki bazara ýerli işewürler umumy bahasy 6 mln 362 müň manada barabar bolan esas ýagyny, nebit ýol bitumyny (“Türkmennebit” DK), şeýle hem gabardin matasyny satyn aldylar.
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.
ORIENT news