Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Ilçisi Belgiýanyň Baş gümrük müdirliginiň baş direktory bilen duşuşdy

26.04.2025 | 23:50 |
 Türkmenistanyň Ilçisi Belgiýanyň Baş gümrük müdirliginiň baş direktory bilen duşuşdy

Brýusselde Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçisi Sapar Pälwanow bilen Belgiýanyň gümrük we aksiz meseleleri boýunça Baş müdirliginiň baş direktory Kristian Wanderwaereniň arasynda duşuşyk geçirildi. Konstruktiw söhbetdeşligiň dowamynda taraplar gümrük pudagyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

Ilçi Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Okuw merkeziniň Bütindünýä gümrük guramasynyň sebit okuw merkezi hökmünde ykrar edilmegi baradaky başlangyjyny hödürledi. Bu başlangyç sebitiň gümrük düzümleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga we halkara ülňülerine laýyklykda hünärmenleri taýýarlamak hem-de olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin mümkinçilik döretmäge gönükdirilendir.

Belgiýa tarapy bu başlangyja oňyn baha berdi we bu meseläniň öňde boljak halkara çärelerinde ilerledilmegine goldaw bermäge taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda tejribe alyşmak, gümrük işleriniň sanlylaşdyrylmagy we işgärleriň hünär taýýarlygy meselelerine aýratyn üns berildi. Bu babatda Ilçi Belgiýanyň ulgamynda, hususan-da Ýewropanyň iň iri logistiki merkezleriniň biri bolan Antwerpen portundaky häzirki zaman çemeleşmeleriniň ähmiýetini belläp geçdi. Portda ulanylýan logistiki dolandyryş, elektron deklarasiýa we täsirli gözegçilik modelleri Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçilikleriniň ösdürilmegi üçin gyzyklanma döredip biler. Taraplar iki ýurduň degişli düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmäge we halkara maksatnamalara hem-de hünär taslamalaryna gatnaşmak ýaly bilelikdäki başlangyçlary goldamaga gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda gümrük dolandyryşy babatyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygy dowam etdirmek we ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy, munuň bolsa Türkmenistanyň we Belgiýanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berjekdigi bellenildi.

ORIENT

Foto: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: