Iň täze habarlar

Sebit üçin durnukly geljege barýan ýol: Arkadagda YHG-niň ministrler derejsindäki esasy forumy açylýar

27.04.2025 | 23:50 |
 Sebit üçin durnukly geljege barýan ýol: Arkadagda YHG-niň ministrler derejsindäki esasy forumy açylýar

Türkmenistanyň innowasiýa we durnukly ösüşiniň nyşany we “akylly” şäher ösüş ýörelgeleriniň aýdyň beýany bolan Arkadag şäheri häzirki wagtda möhüm halkara meýdançasyna öwrülýär. Ynha, 2025-nji ýylyň 28-nji aprelinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) durnukly ösüş boýunça birinji ministrler forumy açylýar – bu tutuş YHG-niň sebiti üçin möhüm wakadyr.

Bir gün öň, 27-nji aprelde Arkadag şäherinde esasy taýýarlyk çäresi – Ýokary derejeli iş toparynyň mejlisi geçirildi. YHG-a agza ýurtlaryň ýokary wezipeli işgärleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylary geçidiler we syýasaty ösdürmäge ylalaşylan çemeleşmeleri we ählumumy Durnukly ösüş gün tertibinde iň möhüm meseleleri çözmek üçin innowasion çözgütleri kesgitlediler. Gatnaşanlar saglygy goraýyş, gender deňligini gazanmak, howanyň üýtgemegine netijeli garşy durmak we YHG-a agza ýurtlarynda durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek ýaly möhüm ugurlara ünsi jemlediler.

Iş toparynyň işiniň möhüm amaly netijesi, Durnukly ösüş boýunça birinji YHG-niň forumynyň jemleýji resminamasynyň gutarnykly taslamasyny taýýarlamak boldy. Bu resminama, Forumyň öňdengörüjiligini we amaly ugruny nygtaýan guramanyň ýurtlarynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ugrundaky köpçülikleýin tagallalaryny kesgitleýän uzak möhletli ýol kartasyna öwrülmegi maksat edinýär.

28042025-v-arkadage-otkryvaetsya-forum-oes (2).jpg

Durnukly ösüş boýunça birinji YHG-niň ministrler derejindäki forumynyň ýokary derejeli iş toparynyň mejlisi, Arkadag şäheri, 2025-nji ýylyň 27-nji arpreli.

YHG-niň ministrler derejesindäki birinji forumynyň resmi açylyş dabarasy 28-nji aprelde Arkadag şäherindäki häzirki zaman we oňat enjamlaşdyrylan “Märkaw” maslahatlar zalynda geçiriler. Forumyň maksatnamasy giňişleýin bolup, ýokary derejeli umumy mejlis we birnäçe ýöriteleşdirilen tematiki sessiýany öz içine alýar.

Forumyň işiniň iki gününiň dowamynda “Howanyň üýtgemegi we ekologik durnuklylyk”, “Durnukly maliýeleşdiriş, ykdysady ösüş we maddy howpsuzlyk”, “Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde maşgala institutlarynyň orny” şeýle hem strategiki “2026-2035-nji ýyllarda YHG-niň gelejegi” ýaly sebit üçin durmuş ähmiýetli temalary giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylar.

Arkadag şäheriniň Guramanyň taryhynda durnukly ösüş ýaly düýpli temada ilkinji ministrler forumynyň geçiriljek ýeri hökmünde saýlanylmagy çuňňur simwoliki we tötänleýin däldir. Arkadag şäheriniň özi, durnukly ösüş we innowasiýa ýörelgelerini iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirmegiň aýdyň mysaly bolup hyzmat edýär.

Türkmen topragynda şeýle möhüm çäräni geçirmek Türkmenistanyň Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň çägindäki işjeň ornuny, ählumumy durnukly ösüş maksatlaryna berk ygrarlydygyny hem-de sebitdäki ösüşe we abadançylyga möhüm goşant goşmak islegini aýdyň görkezýär. YHG-niň adyndan Türkmenistanyň Hökümetine bildirilen myhmansöýerlik we forumy geçirmek üçin ajaýyp şertleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirildi. Bolsa bu Guramanyň sebit üçin durnukly we inklýuziw geljege bolan umumy ygrarlylygyny tassyklaýar.

ORIENT

Foto: eco.int

Şeýle hem okaň: