Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “BND 60/90” kysymly ýol bitumy, buýan köküniň goýy ekstrakty satyn alyndy

29.04.2025 | 09:25 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “BND 60/90” kysymly ýol bitumy, buýan köküniň goýy ekstrakty satyn alyndy

28-nji aprelde, duşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa we oba hojalyk önümleri ýerlenildi.

BAE-niň telekeçileri “Türkmennebit” Döwlet konserni bilen “BND 60/90” kysymly ýol bitumyny satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar.

Serbiýanyň telekeçileri Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekillerinden buýan köküniň goýy ekstraktyny satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 445 750 ABŞ dollaryna barabar bolan iki geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: