Iň täze habarlar

YHG-niň durnukly ösüş boýunça forumy we onuň meýdançasyndaky duşuşyklar

28.04.2025 | 21:25 |
 YHG-niň durnukly ösüş boýunça forumy we onuň meýdançasyndaky duşuşyklar

Şu gün Arkadag şäherinde YHG-niň durnukly ösüş boýunça 1-nji forumyň işiniň birinji güni tamamlandy. YHG-niň we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bilelikde guralan bu çäre sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini durmuşa geçirmek boýunça tagallalary ösdürmäge gönükdirilendir.

Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Asad Han eden çykyşynda Forumyň sebit boýunça alnyp barylýan syýasaty Durnukly ösüş maksatlary bilen utgaşdyrmak üçin strategiki meýdança hökmünde ähmiýetini belläp, ylalaşyklygy, innowasiýa çözgütleri we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtady. Durnukly ösüş boýunça ýakynda döredilen ýokary derejeli iş toparynyň we sebitleýin tagallalary utgaşdyrmakda YHG-niň DÖM-niň netijeliginiň görkezijisi boýunça taýýarlanylýan hasabatyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Forum ministrleri, YHG-a agza ýurtlaryndan ýokary wezipeli işgärlerini, halkara guramalarynyň, raýat jemgyýetiniň, akademiki toparlaryň we hususy pudagyň wekillerini birleşdirdi. Forumyň işi howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, gender deňligi, mynasyp iş, saglygy goraýyş we Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmakda maşgala institutlarynyň durmuş ähmiýetli orny ýaly esasy temalary öz içine alýar.

Forumyň çäginde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Hususan-da, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew YHG-niň Baş sekretary Asad Han bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň dowamynda YHG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň YHG-daky işjeň ornuna minnetdarlyk bildirildi we Forumyň ajaýyp gurmaçylygyna ýokary baha berdi.

image-20.jpg

(Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew YHG-niň Baş sekretary Asad Han bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 28-nji apreli, Arkadag şäheri)

Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda doktor Han esasy söwda statistikasyny paýlaşdy we 2023-nji ýylda YHG-niň sebitiniň dünýä söwdasyna goşan goşandynyň ABŞ-nyň 1 trillion 16 milliard dollara ýetendigini, sebitara söwdanyň ABŞ-nyň 82 milliard dollaryna barabar bolandygyny belledi. Şeýle hem Baş sekretar, Türkmenistanyň Eýran bilen umumy serhetýaka sebitlerinde tehniki-ykdysady esaslandyryş geçirmek baradaky teklibini goldady we Atagulyýewe dürli pudaklar boýunça YHG-niň ministrler derejesinde geçiriljek duşuşyklar barada habar berdi hem-de Türkmenistany bu maslahatlara goşant goşmaga çagyrdy. Şeýle hem, söwda gatnaşyklaryny we ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek üçin YHG-niň Söwda ylaşyklaryna we Maýa goýumlaryny höweslendirmek we goramak baradaky ylalaşyklar ýaly birnäçe ylalaşyklara gol çekmegiň we tassyklamagyň möhümdigini aýtdy.

Şeýle hem YHG-nyň Baş sekretary wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen dușuşdy. Doktor Han 2025-nji ýylyň awgust aýynda Awazada geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny bilen gutlady we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Halkara maslahatlara gatnaşmaga çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi.

image-21.jpg

(wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we YHG-niň Baş sekretary Asad Han, 2025-nji ýylyň 28-nji apreli, Arkadag şäheri)

Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň ýaňy-ýakynda geçirilen ýokary derejeli maslahatynyň, öňde boljak YHG-niň ministrler derejesindäki maslahatlarynyň we 2025-nji ýylyň iýul aýynda geçiriljek YHG-niň sammitiniň ähmiýeti nygtaldy.

Türkmenistanyň geografiki taýdan ýerleşişiniň sebit aragatnaşygyny we söwdany giňeltmekdäki strategiki ähmiýetini belläp, Baş sekretar, syýahatçylyk we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça Türkmenistanyň başlangyçlaryna minnetdarlyk bildirdi we ýurdy durnukly şäher infrastrukturasyny ösdürmekde gazanan üstünlikleri bilen gutlady.

Şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow hem forumyň çäginde Eýran Yslam Respublikasynyň wise-prezidenti, Meýilleşdiriş we býujet guramasynyň başlygy Seýed Hamid Purmohammadi we Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Hökümet Diwanynyň ýolbaşçysy Galymžan Koýşybaýew bilen duşuşdy.

ORIENT

Foto: eco.int

Şeýle hem okaň: