Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “TPP D 30 S” kysymly polipropilene we gazbeton bloklara isleg bildirildi

30.04.2025 | 09:17 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “TPP D 30 S” kysymly polipropilene we gazbeton bloklara isleg bildirildi

29-njy aprelde, sişenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa önümleri we gurluşyk materiallary ýerlenildi.

BAE-niň telekeçileri Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen gazbeton bloklaryny satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar.

Türkmenistanyň işewürleri “Türkmennebit” Döwlet konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň netijesinde 2 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: