Iň täze habarlar

“Türkmennebit” DK-si № 02/DG halkara bäsleşik boýunça tender teklipleriň tabşyrylmagynyň möhletini uzaldýar

01.05.2025 | 12:10 |
 “Türkmennebit” DK-si № 02/DG halkara bäsleşik boýunça tender teklipleriň tabşyrylmagynyň möhletini uzaldýar

“Türkmennebit” Döwlet konserni tender toparynyň adyndan, “Keýmir” nebitgaz çykaryş müdirliginiň Hazar deňziniň türkmen bölegindäki Okarem şäherçesinde ýerleşýän nebit guýujy deňiz pyýasyny taslamak we “açarsyz” usulda gurmak, şeýle hem bar bolan pyýasyny gazyjylamak we sökmek işlerini ýerine ýetirmek üçin potratçyny saýlamak boýunça № 02/DG belgili açyk halkara bäsleşigiň möhletini 09.06.2025 ý. çenli uzaldýar.

Size Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56, 11-nji gat, “Türkmennebit” DK salgy boýunça aşakdakylary ýerine ýetirmek teklip edilýär:

  • Bäsleşige gatnaşmak isleýändigiňiz barada arza tabşyrmak (ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaby bolan dalaşgärlerden arza kabul edilmeýär). Arzada dalaşgäriň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy we rekwezitleri görkezilmeli;

  • Türkmenistanyň “Döwlet islegleri üçin harytlary satyn almak, işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlary etmek boýunça tenderler hakynda” Kanuny, “Tender geçiriş tertibiniň” degişli bölümi we tendere gatnaşmak üçin zerur resminamalaryň sanawy bilen tanyşmaly;

  • Tenhiki tabşyrygy, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;

  • Bäsleşige muzdsuz esasda gatnaşmak üçin 1725 ABŞ dollary möçberinde (GBS bilen) ýa-da şoňa ekwiwalent manat möçberinde töleg geçirmek üçin hasap belgini almaly.

Ähli gerekli maglumatlary www.turkmennebit.gov.tm we www.oilgas.gov.tm elektron salgylary boýunça ýükläp alyp bolar. Ýokarda agzalan bäsleşige gyzyklanma bildiren ähli mümkin bolan potratçylar gatnaşyp biler.

Ýokarda agzalan bäsleşik boýunça teklipleriň tabşyrylmagynyň möhleti bilen bildirişiň “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde resmi ýagdaýda neşir edilen gününden başlap www.turkmennebit.gov.tm we www.oilgas.gov.tm elektron salgylary boýunça tanşyp bolar.

Ýokarda bellenilen möhletden soň gelen teklipler kabul edilmeýär. Töleg geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylanda berler.

Bäsleşik teklipleri bir sany möhürlenen bukjada tabşyrylmaly. Bukjada hökmany suratda Word formatda şertnamanyň esasy şertleri we anketanyň elektron görnüşi, şeýle hem Excel formatda tehniki-ykdysady spesifikasiýa bolmaly. Bukjalar diňe töleg geçirilenden soň kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin: 40-39-24, 40-35-55 (arzalary tabşrymak üçin faks); 40-35-55, 40-35-53, 40-35-12 (tehniki soraglar üçin), fer@turkmennebit.gov.tm (elektron salgysy).

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: