Iň täze habarlar

Ärdogan: Türkmen gazy Hazar deñziniñ düýbi boýunça Türkiýä geçiriler

03.05.2025 | 10:00 |
 Ärdogan: Türkmen gazy Hazar deñziniñ düýbi boýunça Türkiýä geçiriler

Türkiýe Hazaryñ düýbünden geçirilen turbalar boýunça Türkmenistandan tebigy gazyñ importyny amala aşyrar.

Report-yñ habar berişi ýaly, bu barada Türkiýäniñ Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Stambulda geçirilen Tebigy serişdeler sammitindäki çykyşynda habar berdi.

"Şu ýylyñ mart aýyndan biz türkmen gazyny Eýranyñ çäginden Türkiýä geçirip başladyk" - diýip, türk lideri belledi.

Şeýle hem, Prezident Ärdogan şeýle belledi: “Ýylyň ahyryna umumylykda 1,3 mlrd m3 möçberinde tebigy gazyň akymyny üpjün etjekdigimize ynanýaryn. Häzirki wagtda ilkinji meýilnamamyz, ylalaşygy ýene bäş ýyl möhlet bilen uzaltmak bolup dur, gutarnykly maksadymyz bolsa – türkmen gazyny Hazar turba geçirijisi boýunça biziň ýurdumyza geçirmekdir. Eger-de biz muňa ýetip bilsek, hem öz ýurdumyz, hem-de Ýewropa üçin has uly gaz akymyny üpjün etmäge mümkinçiligimiz bolar”.

ORIENT news

Foto: nournews.ir

Şeýle hem okaň: