Iň täze habarlar

“Türkmennebit” DK-sy ýangyn howpsuzlygy üçin enjamlary satyn almak boýunça açyk bäsleşik yglan etdi

05.05.2025 | 10:45 |
 “Türkmennebit” DK-sy ýangyn howpsuzlygy üçin enjamlary satyn almak boýunça açyk bäsleşik yglan etdi

“Türkmennebit” Döwlet konserni tender toparynyň adyndan aşakdaky lot boýunça eksklýuziw üpjün ediji bolan öndürijileriň we dalaşgärleriň gatnaşmagynda satynýalmak barada № 174 belgili açyk bäsleşigi yglan edýär:

Lot № 6 – ýangyn howpsuzlygy üçin enjamlar.

Size Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat, “Türkmennebit” DK salgy boýunça aşakdakylary ýerine ýetirmek teklip edilýär:

  • Bäsleşige gatnaşmak isleýändigiňiz barada arza tabşyrmak (ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaby bolan dalaşgärlerden arza kabul edilmeýär). Arzada dalaşgäriň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy we rekwezitleri görkezilmeli;

  • Türkmenistanyň “Döwlet islegleri üçin harytlary satyn almak, işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlary etmek boýunça tenderler hakynda” Kanuny, “Tender geçiriş tertibiniň” degişli bölümi we tendere gatnaşmak üçin zerur resminamalaryň sanawy bilen tanyşmaly;

  • Tenhiki tabşyrygy, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;

  • Bäsleşige muzdsuz esasda gatnaşmak üçin lot üçin 575 ABŞ dollary möçberinde (GBS bilen) ýa-da şoňa ekwiwalent manat möçberinde töleg geçirmek üçin hasap belgini almaly.

Ýokarda agzalan bäsleşige gyzyklanma bildiren ähli mümkin bolan üpjün edijiler gatnaşyp biler. Ähli gerekli maglumatlary www.turkmennebit.gov.tm we www.oilgas.gov.tm elektron salgylary boýunça ýükläp alyp ýa-da ýokarda bellenen salgy boýunça alyp bolar.

Bäsleşik teklipleri “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde resmi habarynyň çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda, ýöne iň soňky möhleti 30-njy iş gününiň ýerli wagt bilen 16:00-a çenli kabul edilýär. Görkezilen seneden giç gowşurylan teklipler kabul edilmeýär. Töleg geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylanda berler.

Bäsleşik teklipleri bir sany möhürlenen bukjada tabşyrylmaly. Bukjada hökmany suratda Word formatda şertnamanyň esasy şertleri we anketanyň elektron görnüşi, şeýle hem Excel formatda tehniki-ykdysady spesifikasiýa bolmaly. Bukjalar diňe töleg geçirilenden soň kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin: 40-39-24 (arzalary tabşrymak üçin faks); 40-39-93, 40-31-91, 40-39-96 (tehniki soraglar üçin), fer@turkmennebit.gov.tm (elektron salgysy).

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: