Iň täze habarlar

Brýussel: Türkmenistanyň gümrük okuw merkezi - BGG-nyň derejesine barýan ýol

02.05.2025 | 23:25 |
 Brýussel: Türkmenistanyň gümrük okuw merkezi - BGG-nyň derejesine barýan ýol

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezi, Bütindünýä gümrük guramasynyň sebitleýin okuw merkezi (WCO) derejesini almak ugrunda ynamly ädim ätdi. Brýusseldäki BGG-nyň ştab-kwartirasynda Ýewropa sebitiniň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň maslahatynda Türkmenistanyň teklibi biragyzdan goldawa eýe boldy.

Maslahata Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti gatnaşdy. Teklibi beýan etmek bilen türkmen tarapy giňişleýin çykyş etdi. Maslahata gatnaşyjylara merkeziň döwrebaplaşdyrylan infrastrukturasy, tehniki mümkinçilikleri, bilim maksatnamalaryny we halkara standartlaryna doly laýyk gelýän sanly ulgamlar barada maglumat berildi.

IMG_8464.jpg

Türkmenistanyň wekiliýeti Brýusselde geçirilen BGG-nyň maslhatynda

Okuw merkezini ösdürmek boýunça strategiki meýilnamanyň BGG bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanandygy we Mümkinçiligi ýokarlandyrmak boýunça Ýewropanyň sebitleýin edarasyndan (ROCB) resmi taýdan tassyklanandygy bellendi. Merkez sebitleýin okuwlary geçirmekde üstünlikli tejribä eýe. Bu bolsa BGG-nyň sebitleýin okuw merkeziniň wezipelerini doly ýerine ýetirmäge taýýardygyny tassyklaýar.

Türkmen wekiliýeti öz çykyşynda bu derejedäki okuw merkeziniň ykrar edilmeginiň sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga we diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem sebitiň beýleki ýurtlarynda hem gümrük pudagy boýunça işgärleri taýýarlamagyň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga ardam etjekdigini belledi.

Şeýle hem, gatnaşyjylara häzirki zaman okuw otaglary, sanly platformalar we tejribe alyş çäreleri ýaly Türkmenistanyň ähli gümrük ulgamyny döwrebaplaşdyrmak ugrundaky tagallalaryny açyk görkezýän wideo şekil görkezildi.

Türkmen wekiliýetiniň çykyşyndan soňra maslahata gatnaşýan ýurtlaryň wekilleri Türkmenistanyň teklibini biragyzdan goldadylar. Bu ýokary derejeli ynamyň we ýurduň gümrük bilimi ugrundaky tagallalarynyň ykrar edilmeginiň möhüm görkezijisi boldy.

PHOTO-2025-05-02-14-08-51.jpg

Gümrük gullugynyň wekillerii we Türkmenistanyň ilçisi BGG-nyň ştab-kwartirasynda geçirilen duşuşykda

Maslahatda çykyş etmek bilen Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçisi Sapar Pälwanow, gatnaşyjylara işjeň üns berendikleri we başlangyjy biragyzdan goldaýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ygtybarly köpri hökmünde Türkmenistanyň strategiki geografiki ýerleşişine ünsi çekdi we sebit derejesinde okuw merkeziniň ykrar edilmegi bilen baglanyşykly ýokary jogapkärçiligi belläp geçdi. Ilçi merkezde taýýarlanan hünärmenleriň, esasanam iki yklymyň arasynda halkara söwda we logistika ösüşine ähmiýetli amaly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

BGG-nyň Ýewropa sebitiniň gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň maslahaty, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň BGG-nyň sebitleýin okuw merkezi hökmünde resmi taýdan ykrar edilmeginde möhüm ädim boldy. Indiki ädim, BSG bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň arasynda şu ýylyň iýun aýynda geçiriljek ýyllyk mejlisinde garaşylýan degişli resminama ýagny özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi bolar.

ORIENT

Foto: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy tarapyndan üpjün edildi

Şeýle hem okaň: