TDU-da halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler - esasy tema: durnukly ösüş, ylym-bilim we innowasiýa tehnologiýalary
07.05.2025 | 17:50 |2025-nji ýylyň 29-30-njy maýynda Magtymguly adyndaky TDU-da Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary, mugallymçylyk ugurly orta hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, ylmy-barlag institutlaryň, edaralaryň alymlarynyň we ylmy işgärleriniň, aspirantlarynyň, doktorantlarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde bilimiň, ylmyň we innowasiýa tehnologiýalarynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçiriler.
Maslahatyň resmi iş dilleri – türkmen, iňlis we rus dilleri.
Maslahat umumy mejlisde we 4 bölümde öz işini alyp barar:
I bölüm: Bio-himiki we nanotehnologiýalary ösdürmegiň hem-de olaryň gazanan üstünliklerini önümçilige ornaşdyrmagyň, daşky gurşawy goramagyň meseleleri. Tebigy ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň häzirki zaman usullary.
II bölüm: Matematikada, fizikada we astronomiýada ylmy barlaglar. Sanly bilim, maglumat ulgamy we kompýuter tehnologiýalary, kiber howpsuzlygy hem-de ykdysadyýetiň pudaklaryna emeli aňyň ornaşdyrylmagy.
III bölüm: Ynsanperwer ylymlary: taryh, sosiologiýa, filosofiýa, psihologiýa we pedagogika, hukuk öwreniş ylymlarynyň häzirki zaman ösüşi.
IV bölüm: Filologiýanyň meseleleri: türkmen we daşary ýurt dillerini, edebiýatyny öwrenmegiň hem-de okatmagyň usullary. Terjimäniň nazaryýeti we amalyýeti.
Maslahata gatnaşmak üçin çykyşlaryň gysgaça beýanlary, annotasiýalary we hasaba alyş kagyzlary 2025-nji ýylyň 10-njy maýyna çenli Guramaçylyk toparynyň tsu.international.conference@gmail.com elektron salgysyna iberilmelidir. Çykyşlaryň gysgaça beýanlarynyň möçberi 1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly, şrifti - Times New Roman, ölçegi - 14 pt, setir arasy - 1.
Şeýle hem halkara ylmy-amaly maslahatyň çykyşlarynyň gysgaça beýanlarynyň elektron ýygyndysyny taýýarlamak meýilleşdirilýär.
Goşmaça maglumat
ORIENT