Ynanyşmak ykdysadyýeti: Işewürlik we banklar Merkezi we Günorta Aziýanyň arasynda köprüleri gurýar
20.05.2025 | 16:20 |Termez, Özbegistan, 20-nji maý | ORIENT. Diplomatik we strategiki çekişmelere baý bolan birinji sessiýadan soň Termez Dialogy ykdysady arabaglanyşygyň esasy meselelerine geçdi. Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylaryny, hususy pudagyň we sebitiň maliýe guramalarynyň wekillerini birleşdiren ikinji sessiýa, gatnaşyklary berkitmekde we durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde işewürligiň esasy ornuny jikme-jik ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança boldy.
Üns mekezinde – häzirki wagtda bütin dünýäde innowasiýa we ösüşiň hereketlendiriji güýji bolan hususy pudagyň işjeň gatnaşdyrylmagy boldy. Çekişmler, ösüşiň ýolunyň işewürlik üçin ygtybarly meýdança döretmek, maýa goýumlaryny çekmek we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly başlýandygyny tassyklady.
Türkmenistanyň garaýşy: Hususy pudak integrasiýanyň esasy hereketlendirijisi hökmünde
Çykyşlaryň arasynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň daşary ykdysady işi bölüminiň müdiri Wepa Aganyýazowyň hasabaty bar. Ol öz çykyşyny türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň: “Biz parahatçylygyň, ynanyşmagyň, deňhukuklylygyň, özara bähbitleriň ykdysady hyzmatdaşlygyň esasyny düzmelidigine ynanýarys. Islendik iri ykdysady, üpjünçilik, söwda we maýa goýum taslamalary diňe durnuklylyk hem-de birek-birege ynam bolan ýagdaýynda üstünlikli bolup biler” – diýip, aýdan sözleri bilen başlady.
Türkmenistanyň SSE-niň wekiliniň pikiriçe, hut şu ýörelgeler ýurduň strategiki ykdysady ugruny kesgitleýär. Ýewraziýanyň ýüreginde ýerleşýän Türkmenistan, goňşy ýurtlar bilen çuňňur integrasiýa we özüniň halkara giňişliginde söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilen ykdysadyýetini işjeň ösdürýär. Döwlet kämil kanunçylyk binýadyny we amatly maýa goýum ýagdaýyny döredip, hususy telekeçilige hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Işewürlige bolan şeýle ynamyň mysaly, Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy ýaly iri infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini hususy pudaga ynanylmagydyr. Bu ýol diňe bir Türkmenistanyň sebitlerini birleşdirmek bilen çäklenmän, Merkezi we Günorta Aziýanyň arasynda möhüm baglanyşyk bolup, tutuş sebitiň ulag we logistika mümkinçiligini güýçlendirýär.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy sergi we kongres çäreleriniň esasy utgaşdyryjysy hökmünde halkara işewür hyzmatdaşlygyny höweslendirmekde çalşyp bolmajak orny eýeleýär. TSSE türkmen we daşary ýurt işewür toparlarynyň arasynda göni aragatnaşyk gurmaga, dialog, tejribe alyşmak we özara peýdaly ylalaşyklary baglaşmak üçin meýdançany döretmäge işjeň goldaw berýär.
Maliýe hyzmatdaşlary we ösüş mümkinçilikleri
Üstünlikli ykdysady ösüşiň we iri taslamalary durmuşa geçirmegiň esasy tarapy halkara maliýe hyzmatdaşlaryny çekmekdir. Bu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky (ÝTÖB) bilen üstünlikli we uzak möhletleýin işi bellendi, onuň çäginde eýýäm dürli pudaklarda 80-den gowrak taslama durmuşa geçirildi.
Şeýle hem sessiýa Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Päkistanyň we Täjigistanyň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy we Bangladeşiň Söwda-senagat edarasynyň administratiw ýolbaşçysy dialoga onlaýn goşuldy.
Maliýe pudagyna “Sanoat Qurilish Bank” PTB, (Özbegistanyň senagat gurluşyk banky) Owganystanyň “Gazanfar Bank” we “Azizi Bank” ýaly esasy oýunçylar, şeýle hem hususy pudagyň arasyndaky gatnaşyklary goldamak üçin innowasion Sebit meýdançany hödürlän “Katalist” konsalting kompaniýasynyň esaslandyryjysy we başlygy Suleýman ben Şah wekilçilik etdi.
Sessiýa gatnaşyjylar halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň, şübhesiz, maýa çekmek, innowasiýalary girizmek we ykdysadyýetleriň durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin giň gözýetimleri açjakdygy bilen ylalaşdylar. Diňe bilelikdäki tagallalara we hususy guramalaryň arasyndaky konstruktiw hyzmatdaşlyga bil baglamak bilen sebitler öz halkynyň bähbidi üçin ygtybarly arabaglanyşygy we uzak möhletli durnukly ösüşi üpjün edip, hil taýdan täze ykdysady integrasiýa derejesine ýetip bilerler.
Ertir näme garaşýar: Bilermenleriň dialogy we täze mümkinçilikler
Ertir, 21-nji maýda Termez dialogy işini dowam etdirer. Günüň esasy wakasy sebitara baglanyşyk boýunça bilermenleriň dialogy bolar. Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik we sebitara barlaglar institutynyň direktorynyň birinji orunbasary Akramjon Nematow, soňra bolsa Daşary syýasaty öwreniş we halkara başlangyçlar merkeziniň direktory Sanjar Waliýew tarapyndan moderatorlyk etmeginde sessiýalar dürli ýurtlaryň öňdebaryjy analitiklerini we alymlaryny birleşdirer.
Gatnaşanlaryň arasynda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň esasy ylmy barlaglar merkezleriniň wekilleri bar. Owganystandan, Hindistandan, Azerbaýjandan, Päkistandan, ABŞ-dan, Russiýadan, Hytaýdan, Gruziýadan, Ermenistandan, Türkiýeden, Beýik Britaniýadan, Katardan we Finlýandiýadan gelen bilermenleriň çykyş etmegine garaşylýar. Bu çykyşlar sebitdäki çagyryşlar we mümkinçilikler barada has çuňňur hem-de has giňişleýin seljeriljekdigini wada berýär. Bu gün netijeleri jemlemek we owgan raýatlary üçin bilim merkezine baryp görmeklik bilen tamamlanar.
Termez dialogynyň işi dowam edýär we ORIENT mejlisleriň gidişi we häzirki başlangyçlary barada okyjylara gyzgyny bilen habar bermek üçin wakalaryň merkezinde galýar.
Bekdurdy AMANSARYÝEW